Biziň Türkmenistan döwletimiz taryhy ýadygärliklere baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Şeýle taryhymyzda at alan ýadygärlikleriň biri hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän “Seýit Jemaleddin” binagärlik toplumydyr. Bu taryhy ýadygärligi arheologiýa taýdan öwrenmek işi geçen asyryň 20-nji ýyllarynda başlanýar. Ýagny A.A.Karelin we W.R.Tripolskiý binagärlik toplumyň ýykylmagynyň we çagşalmagynyň sebäplerini barlapdyrlar. S.S.Sklýarowskiý bolsa binagärlik toplumyň çyzgysyny ýerine ýetiripdir. 1947-nji ýylda M.E.Massonyň ýolbaşçylygynda günorta Türkmenistan arheologik ekspedisiýasy binagärlik toplumy çuň we hemmetaraplaýyn öwrenmek işini geçirýär. Şeýle-de, “Seýit Jemaleddin” binagärlik toplumyndaky metjidiň ýokarsyndaky uly ýazgyda şeýle sözler bar: “Bu gurluşyk beýik soltan öz halklarynyň eýeleri, ýurtlaryň we asyrlaryň penakäri Abul-Kasym-Babyr Bahadur han patyşalyk süren wagtynda (1946-1957ý) guruldy, hemmeden beýigiň özi onuň häkimiýetini we onuň patyşalygyny ebedileşdirsin”.
Beýleki bir ýazgyda “Gözellik öýüni” Muhammet diýen biriniň öz kakasy Jemal-ed-dünýä-wa-d-diniň ýadygärligi üçin öz serişdeleri bilen 1455-1456-njy ýyllarda gurlandygy hakynda maglumatlar berilýär.
G.A.Pugaçenkowa metjidiň ýüzündäki ýazgyda ady gelýän Muhammedi Soltanyň weziri bolan Muhammet Hudaýdatdyr diýip çaklaýar we onuň bu ýerde jaýlanan kakasy Jemaleddiniň doglan ýeriniň Änewdigini anyklaýar.
“Seýit Jemaleddin” binagärlik toplumyndaky metjidine 1948-nji ýylda bolan ýer yranmasy has uly zeper ýetiripdir. Häzirki wagtda “Seýit Jemaleddin” binagärlik toplumy halkymyzyň, zyýaratçylaryň we syýahatçylaryň köpçülikleýin gelýän ýerlerine öwrüldi.
Döwletimiziň baý mirasyny dikeltmekde, ony aýawly saklamakda döwletimizde uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle taryhy ýerlere zyýarat etmek bilen biziň ýaşlarymyza geçmiş taryhymyza bolan söýgüleriniň artmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär.