Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Serhetçiniň maşgalasy
  07.03.2020
684
Serhetçiniň maşgalasy

        Serhetçileň öz dünýäsi bar. Öz saýlap alan käriňe yhlasyňy mähre garyp siňdirseň onda ol seniň ykbalyňa öwrülip gidýär. Kä halatlarda bolsa ol seniň maşgalaň bir bölejigi bolup galar eken. Çünki maşgala we watan diýen düşünjäni bir çäkden aýralap bolýar. Serhet birikmesinde algyr bürgüt kimin ganatyny ýaýyp duran ýigdiň ýüregi hujuwdan doly. Bu ýigidiň gözlerinde goja dünýäniň ýaşlygy görünýädi. Edil şu pursat daglaryň depesinde duran ýigit, özüniň arzuwlarynyň çür başyna çykanlygy üçin ähli zatdan hoşaldy. Ýüreginiň hol aňarsynda dörän begenç duýgusynyň näme sebäpdenligine özi hem düşünenokdy. Göräýmäge adaty gün ýalam bolsa syrly üýtgeşikligi ýigidiň serhetçi ýüregi syzýardy. Şol barmana Asmanda hatar gurnan durnalar göç eýlediler. Olar öz dilinde ýaş ýigide bir zatlar diýýärdiler. Her näçe janyksalarda Durnalaram düşündirip bilmediler. Ýaýlyp ýatan meýdana çökne düşen ýigdiň bilesi gelýärdi.

       -Bu näme we näme üçin beýle? Dag başynda salkyn arap öwisýän şemal eýläk-beýläk gatnap ýadady. Her geçende serhetçiniň gulagyna çawuş çakdy. Barybir nämäniň-nämeligini biler ýaly bolmady. Gün ýaşdy. Gije bilen gündüziň öz ornuny çalşyşy kimin serhetçiler orynlaryny çalyşdylar. Çünki bu serhetdi. Serheti bolsa ýeke minudam goragsyz goýup bolmaýar. Özüne ynanylan nobaty kemsiz tabşyran serhetçi şol bir hyýal bilen öýne dolandy. Ýaşaýyş jaýynyň çetinden girenlerinde serhetçi maşgalalaryň çagalary Buşluk buşluk diýişip boýnuna bökdiler. Hawwa ýaş serhetçi inni ýaş ata bolupdy. Şol gün serhetçileriň maşgalasynda ýene bir adam dünýä indi. Serhetçiniň ogly boldy. Edil şol pursat dek irdenem elewrän ýüreginiň aňarsynda atalyk duýgysynyň oýananlygyna, hatar gurnap geçip barýan durnalaryň “Buşluk buşluk” diýip hoş habar getirenine, eýläk beýläk gatnaýan şemalyň bäbejigiň agy sesini gaýtalanyna, dymyp ýatan ene topragyň dünýäde bir zenanyň ene bolanyny buşlaýanyna düşindi. Görä dilsiz tebigat diliň bilen aýdyp bolmajak zatlary neneňsi edip düşündirýän eken. Täze bäbäek özi bilen ullakan şatlyk alyp geldi. Her kim ber başagaý kim çaý demleýä, kim myhmanlary garşylaýar, kimler bolsa törüň ýyljajyk ýerinde sallançak ýasaýar. Garaz özüňi ýeke duýar ýaly däldi. Daşyndan seredeňde bulara eltiler ýada aýal doganlar diýip baha kesseňem bolar. Çünki bular serhetçileriň maşgalalarydy. Hemme zatdan üzre äleme ýagtylyk paýlap gelen oguljygyny elinde saklap otyran serhetçiniň ýüregine düşünseňem düşindirip bolmaýan duýgylar aralaşypdy. Türkmen agasynyň däp dessuryna göra ýaşulylar çaga at dakmak däbini berjaý etýädiler. Ýaş serhetçi ýaşuly kişiniň gulagyna pyşyrdady. Ýaşuly şondan soň gujagynda ýatan çaganyň gulagyna

-Seniň adyň Serhet.

-Seniň adyň serhet.

    -Seniň adyň Serhet-diýip üç sapar gygyrdy. Çagalar serhetjikde, serhetjik boluşdylar. Adamlar gelnen netijäni ýerne düşen at hasapladylar. Bu bolsa ýüregi watanyna bolan söýgüden ýarylaýyn diýýän watançy ýigidiň diýip biläýjek sözüdi. Şol günden başlap ýaş serhetçi her gezek ogluna ýüzlenende bir sözde maşgalaňa we watanňa bolan söýgiňi jemläp bolýanlygyna düşündi. Şol günden soň kän gijeler gündiz bilen ýerni çalyşdy, serhetçi bilenem serhetçi bu adaty gaýtalady. Serhetçileriň maşgalasynda niçeme buşluklar ýaňlandy. Serhetjik, Serhete soň bolsa serhet ýigide öwrildi kämil çykdy. Gülerem aýlanyp otyr.Gojalan serhetçi serhetde sak dur. Ýene şemal elewreýä, ýene durnalar gaýmalaýa, ýene ene toprak gowsunýa  diýmek bu günem nirededir bir ýerlerde serhetçiniň maşgalasynda buşluk habary ýaňlanan bolmaly. Hawwa serhetçiler ene toprak bilen sesiz-sözsüz düşünşip bilýärler. Çünki serhetçileriň öz dünýäsi bar. Öz saýlap alan käriňe yhlasyňy mähre garyp siňdirseň onda ol seniň ykbalyňa öwrülip gidýär. Kä halatlarda bolsa ol seniň maşgalaň bir bölejigi bolup galar eken. Çünki maşgala we watan diýen düşünjäni bir çäkden aýralap bolýar.