logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Senagatda we energetikada sebitara hyzmatdaşlygyň esasynda innowasion tehnologiýalaryň orny
  03.04.2025
1699
Senagatda we energetikada sebitara hyzmatdaşlygyň esasynda innowasion tehnologiýalaryň orny

Häzirki wagtda dünýäde ykdysady ösüşiň esasy sütünleriniň biri bolan senagat we energetika ulgamlary innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen täze ösüş basgançaklaryna çykýar. Täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy öndürijiligi ýokarlandyrmaga, energiýa sarp edilişini azaltmaga we daşky gurşawy goramaga mümkinçilik döredýär.

 

Senagatda innowasiýalar esasan sanly tehnologiýalar, awtomatlaşdyrma we robotlaşdyrma arkaly ýüze çykýar. Uly zawodlar we kärhanalar häzirki wagtda akylly dolandyryş ulgamlaryny ulanýarlar. Bu bolsa işleriň tizligini, takyklygyny artdyrýar we çykdajylary peseldýär. Şeýle hem 3D printerler, emeli intellekt we önümçiligiň sanly modellendirilmegi senagatda täzelikleri girizmegiň esasy ugurlarydyr.

 

Dünýä ýurtlary ýaly, Türkmenistan hem energiýanyň ekologik taýdan arassa çeşmelerine üns berýär. Şeýlelikde, howa hapalanmasynyň öňüni almak, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meselelerde innowasiýalaryň roly artýar.

 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energetika ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, täze innowasion desgalaryň gurulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Elektrik energiýasynyň önümçiligi we eksportuny artdyrmak bilen bir hatarda, energiýanyň tygşytly we netijeli ulanylmagy ugrunda işler alnyp barylýar.

 

Şeýle hem senagat we energetika ulgamyndaky innowasiýalaryň ösüşi ýaş inženerleriň, hünärmenleriň we alymlaryň gatnaşmagynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň artýandygynyň subutnamasydyr.

 

Şatlyk ANNABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.