logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Health /Semizligiň sebäpleri we çözgütleri
  20.02.2025
1496
Semizligiň sebäpleri we çözgütleri

Semizlik (Adipositas) – adamyň organizminde ýagyň çenden aşa ýygnanmagy bilen ýüze çykýan we saglyga uly howp salýan bir ýagdaýdyr. Bu ýagdaý dürli keselleriň döremegine sebäp bolup biler.

 

Adamyň kadaly agramyny anyklamak üçin dürli usullar bar. Mysal üçin, Brokuň formulasy arkaly boýuňyza görä kadaly agramyny hasaplamak mümkin. Meselem, boýuňyz 165 sm bolsa, kadaly agramyňyz 65 kg bolar (165 sm - 100 sm = 65 kg).

 

Semizligiň iki görnüşi bar:  

1. Iýmit bilen baglanyşykly semizlik: Nädogry iýmitlenmekden ýüze çykýar.  

2. Endokrin we nerw bozulmalary: Garmonal bozulmalar sebäp bolup biler.

 

Semizligiň derejesi adamyň agramyna görä tapawutlandyrylýar:  

- I derejesi: 20-29% kadalaşykdan artyk.  

- II derejesi: 39-49% kadalaşykdan artyk.  

- III derejesi: 59-99% kadalaşykdan artyk.  

- IV derejesi: 100% ýa-da ondan artyk.

 

Semizligiň esasy sebäpleri şulardyr:  

- Nesil yzarlama

- Endokrin bozulmalar

- Az hereketlilik

 

Semizlik dürli keselleriň döremegine sebäp bolup biler:  

- Ýürek we damar keselleri

- Diabet

- Tromboemboliki keseller

- Deri we psihososial meseleler

 

Semizligiň öňüni almak we bejermek üçin iň möhüm usul, berhiz saklamakdyr. Semiz adamlara, ýagly we kuwwatlylygy ýokary bolan iýmitleriň mukdaryny peseltmek, kletçatka we witaminlere baý iýmitleri köpeltmek maslahat berilýär. Berhizde şu talaplar ýerine ýetirilmelidir:  

- Berhizde: Belok, ýag, uglewodlar, witaminler bilen baý, kletçatka we mineral maddalar göz öňünde tutulmalydyr.  

- Suw we duz çäklendirmesi: Suwuklyk mukdary 1-1,5 litr, duz 3-5 gram aralygynda bolmaly.  

- Iýmitlenmek tapgyrlar boýunça: Iýmit 5-6 tapgyrda kabul edilmeli.

 

Semizligiň öňüni almak üçin sagdyn iýmitlenme endikleri ornaşdyrmak, hereketliligi ýokarlandyrmak we dogry durmuşy alyp barmak möhüm bolup, semizligiň we ondan döreýän keselleriň öňüni almakda esasy ýoldur.

 

Ogulgeldi Annaýewa
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.