Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda tutuş dünýä, sebit ähmiýetli çäre bolan Aral deňzi sebitiniň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalar we taslamalary işläp taýýarlamak, durmuşa geçirmek babatda uly işler ýola goýulýar. Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek maksady bilen, sebitiň ýurtlary, jemgyýetçilik we halkara guramalary, ekologiýa we beýleki gaznalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek möhüm ugur bolup çykyş edýär. Şulardan ugur alnyp, ylmy maslahatlary, duşuşyklar, okuw maslahatlary we beýleki çäreleri yzygiderli geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, deňziň sebitindäki derýalaryň gidrologiýa ýagdaýynyň üýtgemegi Aral meselesiniň ýüze çykmagynyň esasy sebäbidir. Suw serişdeleriniň oýlanyşyksyz peýdalanylmagy netijesinde emele gelen ekologiýa heläkçiliginiň netijeleri Aral deňziniň sebitinde ýaşaýan millionlarça adamyň durmuşyna oňaýsyz täsirini ýetirýär. Mundan başga-da, deňziň suwunyň çekilmegi netijesinde tebigy serişdeleriň zaýalanmagy, şol sanda kenarýaka sebitleriniň çölleşmegi, tebigy öri meýdanlarynyň hiliniň ýaramazlaşmagy, topragyň şorlaşmagy, netijede bolsa biologiýa köpdürlüligiň peselmegi sebit üçin howpludyr. Bu meseleleriň çözülmegi bolsa köp babatda döwletleriň ylalaşykly hereketlerine, alnyp barylýan işjeň ekologiýa syýasatyna baglydyr. Aral zolagynda tokaýlaryň döredilmegi ekologik ýagdaýa, biologik köpdürlüligi saklamaga, öri meýdanlarynyň ýagdaýyna oňyn täsir etmek bilen, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döredýär. Munuň özi ýurdumyzda ekologik maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup, onda uzak möhletli geljegi nazarlaýan milli ýörelgeler, innowasion çözgütler öz aýdyň beýanyny tapýar. Bu ugurda degişli maksatnamalar we ondan gelip çykýan möhüm wezipeler tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Suw serişdeleriniň hapalanmagy boýunça meseleler, ýerleriň ýaramazlaşmagy hem-de çölleşmäge garşy göreş meseleleri, atmosfera howasynyň ýagdaýyna gözegçilik, dag ekologiýa ulgamlary meseleleri we beýlekiler bu günki gün global häsiýete eýedir. Munuň çäklerinde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän iri möçberli çäreler Aral heläkçiliginiň netijelerini ýeňip geçmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde, ekologiýa abadançylygyny berkarar etmekde sebitiň döwletleriniň we dünýä bileleşiginiň hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna uly ýardam berýär we oňyn netijelere ýetilmegine mümkinçilikleri açýar.
Gülşat ÝAZLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.