logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /«Scientific Reports»: Marsa ugradyljak kosmonawtlaryň ählisi zenan bolmaly!
  09.05.2023
1100
«Scientific Reports»: Marsa ugradyljak kosmonawtlaryň ählisi zenan bolmaly!

Abraýly ylmy žurnallaryň biri bolan «Scientific Reports»-da neşir edilen gözleglere görä, Marsa giden ilkinji kosmonawtlaryň (ekipažyň) tutuşlygyna zenanlardan ybarat bolmagyna garaşylýar. Sebäbi zenanlar az serişdeleri ulanýarlar we olaryň Ýere sag-salamat gaýdyp gelmek mümkinçiligi erkekleriňkiden has ýokary bolup durýar.
Marsa gitmek üçin dogry adamlary tapmak aňsat bolmaz. Kosmonawtlar gaýdyp gelmezlik howpy üçin taýyn bolmaly, ol ýere barmak üçin ýedi aý töweregi möhürlenen kosmos gämisinde oturyp, iň tejribeli hünärmenleriň biri bolmaly.
Ýöne soňky gözleglere görä, Marsa syýahat etjek her bir kosmonawt zenan bolmaly. Fransiýadaky giňişlik fiziologiýa lukmançylyk institutynyň ýolbaşçylygyndaky halkara gözleg topary aýal-gyzlaryň ekipažyň bolmagynyň artykmaçlyklaryny gözden geçirdi.
Derňew, takmynan kislorod sarp edilişine, umumy energiýa çykdajylaryna, kömürturşy gazyna we ýylylyk önümçiligine we uzak kosmos işlerinde erkekleriň we zenanlaryň suw talaplaryna gönükdirildi. Derňewiň netijesine görä, erkek kosmonawtlaryň beden ululyklary bu ölçegleri ep-esli ýokarlandyrýar.
Şoňa laýyklykda erkekler üçin umumy energiýa sarp edilişi 30 göterim, kislorod sarp edilişi 60 göterim, kömürturşy gazy 60 göterim, suw zerurlygy 17 göterim ýokarlandy. 

 

Eziz ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.