Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /SAZYM-MILLI BAÝLYGYM!
  15.07.2021
670
SAZYM-MILLI BAÝLYGYM!

   Häzirki döwürde ýurdumyzda milli saz-sungatymyzyň halkara giňişlige çykmagy, döwrebap derejede ösdürilmegi ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Milli saz sungatymyzyň taryhy, saz gurallarynyň özboluşly aýratynlyklary ylmy esasda öwrenilýär. Bu bolsa dünýä medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşan halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň ähmiýetiniň artýandygynyň we onuň geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda ägirt uly işleriň bitirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty türki dilli halklaryň aýdym-saz sungatynyň aýrylmaz bir şahasy bolup durýar. Milli saz gurallarynyň taryhy we aýratynlyklary, olaryň ulanylýan ýerleri bilen baglanyşykly maglumatlar «Gorkut ata» eserinde has köp duş gelýär. VII — XI asyrlara degişli wakalar beýan edilende, Gorkut atanyň özüniň hem saz sungatyndan oňat baş çykarandygy barada düşünje berilýär. Bellenilişi ýaly, Gorkut ata gopuz saz guralyny ussatlyk bilen çalmagy başarypdyr. Şeýle hem ol öz döwrüniň sungat ussady bolmak bilen, gopuzy dörediji hökmünde ykrar edilýär.

    Gopuz edil surnaý, kernaý ýaly örän gadymy gurallaryň biridir. Taryhy maglumatlaryň tassyklamagyna görä, gopuz dünýä halklarynyň arasynda iň köp ýaýran saz guralydyr. Halkymyzyň saz däplerinde gopuz gelin-gyzlarymyza degişli bolan hem bolsa, dürli ýurtlarda mesgen tutan oguz taýpalarynyň sungatynda ol erkek adamlaryň hem çalýan, owazyna goşup tans edýän saz guraly bolupdyr.

    Türkmen ilinde ussalar gopuzy örän arassa, iň oňat demirlerden ýasapdyrlar. Gopuz belli bir ölçege eýe bolup, ululy-kiçili görnüşlidir. Gopuzyň müçesine görä, sesleri belentli-pesli bolupdyr. Gopuz çep eliň bilen iki dişiň arasynda çalaja gysylyp saklanýar. Soňra sag eliň süýem barmagy bilen onuň diljagazyna kakylýar. Gopuzdan agyz boşlugynyň, dodagyň, diliň kömegi hem-de howa sorup çykarmagyň netijesinde owaz alynýar. Gopuzda her kim öz ussatlygyna, ýerine ýetiriş ukybyna baglylykda, ýüzugra 5-6 ses bilen dürli sazlaryň hötdesinden gelipdir. Maglumatlardan görnüşi ýaly, gopuzlaryň birnäçe görnüşleri bolupdyr. Olaryň hatarynda gamyş gopuzy möhüm orun eýeläpdir. Bu gopuzyň ýasalyşy sadaja bolup, ol gadymdan bäri nesilme-nesil dowam edip gelýär. Ony, esasan, gyzlar çalypdyrlar. XVII asyrda türkmen halkynyň arasynda gopuz has meşhurlyga eýe bolupdyr. Gopuz Magtymguly ussadyň döwründe hem halkymyzyň arasynda gaty meşhur ekeni. Şahyr «Ýar senden» diýen şygrynda: «Gopuz (tanbur) alyp beýik nagra çaldyrsam» diýip ýazýar.

   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary, milli mirasy, taryhy ýadygärlikleri, halk döredijiligi, dili hem-de edebiýaty, asylly däp-dessurlary, edim-gylymlary düýpli öwrenilýär we halk arasynda giňden wagyz edilýär. Bu bolsa paýhasly pederlerimiziň döreden dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarynyň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.