logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Culture /Saz sungaty–ähli nesilleriň ylham joşgunynyň gözbaşy!
  13.04.2021
706
Saz sungaty–ähli nesilleriň ylham joşgunynyň gözbaşy!

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Watanymyz toý-baýramlara beslenen gözel mekana öwrüldi. Toýlarymyzyň toýlara ulaşmagy bolsa ýagşylykdan nyşan. Nirede toý-baýramlar kän bolsa, şol ýurt parahatlykdyr, asudalykdyr, agzybirlikdir. Mähriban Watanymyzyň raýatlary, il-halkymyz özleriniň bagşy-sazandalarynyň mahmal owazlaryna, şirinden-şirin mukamlaryna teşnedir. Türkmenlerde bagşynyň gelmegi döwletlilikden nyşan hasaplanylypdyr. Muňa «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýlen pähime öwrülip giden ganatly sözler hem şaýatlyk edýär. Özleri şygyr ýazyp, şygyrlaryny saza geçirip, halk içinde aýdym aýdyp, adamlara lezzet paýlap ýören bagşylara ozan diýlipdir. Türkmen halky medeni mirasyna-uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirip gelen maddy we ruhy gymmatlyklaryna, esasan-da, bagşyçylyk, dessançylyk sungatyna uly üns berip gelipdir. Ýurdumyzda her ýyl Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi-de, medeniýet işgärlerine, bagşy-sazandalara goýulýan sarpadan nyşandyr. Aýdym-saz adamlaryň kalplaryna nur çaýýar, içki dünýäsini arassalaýar, ruhuny iýmitlendirýär. Aýdym-saz adamlar arasyndaky ýagşy gatnaşyklary ýola goýýar, doganlaşdyrýar, olaryň ýüreklerine mylaýymlyk, hoşamaýlyk, ýagşylyklar salýar. Türkmenler üçin saz bilen sungat hemme wagtlaram kyn gününde teselli beriji, jadylaýjy täsir ediji güýç, daýanç bolup hyzmat edipdir. Ýowuz güýjüň we altyn-zeriň bitirip bilmedik işlerini-de aýdym-sazyň bitiren wagty az bolmandyr. Aýdym-sazy söýýän adam halal, dogry ýoldan ýörär. Çünki sazyň şirin owazy göwnüňe rehim-şepagat salsa, onuň bilen utgaşyp gidýän, zynjyra düzülen göwher monjuklar kimin lowurdap, kalbyňda orun alýan şahyryň çeper sözleri her bir üşükli ynsany oýlandyrýar. Bu zatlara gowy düşünen paýhasly pederlerimiz bagşy-sazandalary törüniň bezegi hasaplapdyr. Bagşyçylyk sungaty türkmenlerde gadym zamanlardan bäri dowam edip gelýän täsin sungat. Allatagala palçykdan adam ýasap, oňa jan berende, janyň adamyň içine girmejek bolanlygy, diňe sazyň kömegi bilen adamyň içine girenligi hakdaky rowaýat hem muňa şaýatdyr. Döreýşi boýunça şeýle gadymy hasaplanýan aýdym-saz, bagşyçylyk sungaty hakdaky söhbetlere dessandyr eposlarymyzda hem kän duş gelmek bolýar. «Gorkut ata», ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulan «Görogly» eposlarynda we beýleki dessanlarymyzda-da bagşy-ozanlara uly orun berilýär. Häzirki döwürde-de ýurdumyzda medeniýet, edebiýat we sungat adamlarynyň orunlary tördedir. Goý, mähriban Watanymyzda aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanyp dursun!