logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Interesting /Sarymsagyň ynsan saglygyna peýdasy
  18.10.2023
1665
Sarymsagyň ynsan saglygyna peýdasy

     Sarymsak halk arasynda giňden ýaýran we müňýyllyklaryň dowamynda ulanylyp gelinýän ekinleriň biridir. Onuň düzüminde ýaglar, enzimler we birnäçe witaminler saklanýar. Sarymsagyň ýakymsyz ysynyň bolmagy onuň düzüminde kükürdiň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Emma ol adam organizmi üçin örän peýdaly bolup durýar. Sarymsagyň adam saglygyna ýetirýän peýdasy diýseň köp bolup durýar. Ol iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrýar, gan basyşyny kadalaşdyrýar we gandaky şekeriň mukdaryny sazlaýar. Mundan başgada zyýanly bakteriýalary,parazitlary öldirýär. Geçirilen barlaglaryň netijesinde bolsa sarymsak gandaky holesterin mukdaryny kadaly ýagdaýda tutýanlygy we rak keseliniň döremeginiň öňüni alýanlygy anyklanyldy.

 
Sarymsagy nähili tükedilmeli?


     Lukmanlaryň maslahat bermegine görä sarymsagy çigligine tükedilmeklik onuň peýdaly täsir koeffisiýedini has hem artdyrýar we immuniteti ýokarlandyrýar. Emma ony aşa köp ulanmakdan ägä bolmaly. Esasan hem aç garyna iýmekden saklanmalydyr. Ony gereginden artyk tükedilen ýagdaýynda aşgazan agyrysy, ýürek bulanma, gusma we iýmit siňdiriş ulgamynda näsazlyklaryň döremegine ýol açyp bilýär. Sarymsagyň saçlary ösdürmekde intäk ylmy nazary maglumatlaryň bolmazlygyna seretmezden bu ugurda peýdalanylýar. Eger-de ony nädogry ulanylan ýagdaýynda allergiýa ýaly häsiýetleri ýüze çykarmagy mümkin. Beýle ýagdaýlarda bolsa haýal etmän lukmana ýüz tutulmalydyr.

 

 

Selbi ESENOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Weterinar lukmançylygy fakultetiniň

2-nji ýyl talyby.