Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mätäç çagalara lukmançylyk kömekleri berildi ✦ ✦ Ýerleriň şorlaşmagy tebigy durnuklylyga howp salýan mesele ✦ ✦ Biodürliligi gorap saklamak sagdyn ekoulgamy döretmegiň esasy şertidir ✦ ✦ Türkmen suratkeşleri Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşdy ✦ ✦ Ylmy-amaly maslahatda ekologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanyň futbol boýunça (U17) ýygyndy topary Daşkentde geçirilen CAFA 2025-de bürünç medala mynasyp boldular ✦ ✦ “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi ✦ ✦ Täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy ✦ ✦ Türkmenistandan 3 müňe golaý zyýaratçy haj saparyna ugradyldy ✦ ✦ Paýtagtymyzda Ýewropa güni mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyny» geçirildi ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Sanly ulgamy ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär
  24.04.2023
441
Sanly ulgamy ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny ýokary depginde ösdürmek we sanlylaşdyrmagy ýola goýmak bilen bagly beýik başlangyçlary döwletimiziň ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe ilerlemegine ýardam edýär. Sanly ykdysadyýete geçmeklik döwrüň möhüm talaby bolmak bilen, tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesi we berýän netijesi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Çünki sanly ykdysadyýet ýurdumyza dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga giň mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy sanly ykdysadyýete geçilmeginiň maýa goýum işjeňliginiň artmagyny, pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün edýär. Bu möhüm ugur ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi we wideoaragatnaşyk we elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy. Ýurdumyzda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy internet akymlarynyň üstaşyr geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur bolan düzümleri hem-de şertleri döredýär. Sanly ykdysadyýete geçmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmek üçin bu ugurdan ussat hünärmenleri taýýarlamaklyga hem uly üns berilýär. Bu babatda amala aşyrylýan çäreler IT-hünärmenleriniň hem-de programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylaryň kemala getirilmegine gönükdirilendir. Çünki täzeçil işläp taýýarlamalar, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri döwrümizi bedew batly ösüşlere besleýär. Ösüp gelýän ýaş nesle sanly ulgamy öwretmek, ýurdumyzyň hünärmenleriniň taýýarlygyny işjeňleşdirmek, pudaklarda elektron hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak we onuň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen degişli meýilnama işlenip taýýarlanyldy. Gazetleriň we žurnallaryň sanly görnüşe geçirilmegi köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmagyň içerki maglumat bazaryndaky bäsdeşligi has-da artdyrýar we olaryň dünýä media bazaryna çykmagyna uly şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda neşir edilýän ähli gazetleri we žurnallary bitewi internet-saýtda we ykjam aragatnaşykda bermek, her bir neşir üçin aýratyn elektron ugry üpjün etmek, onlaýn-abuna mümkinçiliklerini döretmek maksady bilen möhüm işler ýola goýuldy. Bu işleriň ählisi ulgamyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine, IT-kompaniýalaryny ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegine, sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Konsepsiýasynda anyk beýan edilen maksatlaryň ýerine ýetirilmegine we eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artmagyna oňyn ýardam edýär. 

 

Muhammetkerim DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.