logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Sanly ulgam – täze döwrüň üns merkezinde
  29.05.2023
925
Sanly ulgam – täze döwrüň üns merkezinde

Berkararlyk taglymyndan rowaçlanýan sapaly, döwletli döwranda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata ýurdumyzyň syýasy-ykdysady, durmuş ulgamlarynda gazanylýan ösüşler täze derejä çykýar. Mähriban halkymyzyň bagtyýar hem abadan durmuşy, bolelin ýaşaýşy üpjün edilýär, dünýä nusgalyk möhüm ädimler ädilýär. Sanly ulgamyň gazananlary bilen sanly ösüşe eýe bolunýan zamanasynda maglumat-aragatnaşyk, kompýuter tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, elektron hyzmatlaryň ösen ulgamlaryny döretmeklige, olaryň görnüşlerini yzygiderli artdyrmaklyga we kämilleşdirmeklige giň ýol açylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlaryň mynasyp derejede amal edilmegi ýerine ýetirilýän sanly hyzmatlaryň hilini kämilleşdirmäge, täze-täze mümkinçilikleri döretmek arkaly ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Durmuş ulgamynyň işini öňdebaryjy kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda ýola goýmagyň we sanlylaşdyrmagyň möhüm ähmiýeti bardyr. Häzirki wagtda durmuş goraglylygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylyp, ol ýokary derejede sanlylaşdyrylýar. Kämil hem döwrebap kompýuter tehnologiýalaryna esaslanýan ösen ykdysadyýet kämil maglumat jemgyýetini häsiýetlendirýän esasy görkeziji bolup çykyş edýär. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy olarda alnyp barylýan işleri ylmy-tehniki ösüşiň esasynda guramaga itergi berýär. Mundan başga-da bu hyzmatlar arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň ýokary netijeliligi, zähmet öndürijiligi gazanylýar. Şeýle hem internet ulgamynyň üsti bilen harytlar we hyzmatlar üçin tölegler internet ulgamynyň üsti bilen alnyp barylýar. Dürli pudaklara täzeçil usullaryň, sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde demirýol, şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslarda petekler internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde ýola goýlup, hyzmatyň «elektron söwda» görnüşi giňden ýaýbaňlandyrylýar. Täzeçil usullar ykdysadyýeti döwrüň ösen talabyna laýyk derejede kämilleşdirmeklige alyp barýar. Şeýle ösüş hem özgerişler bilen kuwwatlanýan zamanada ata Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine, täze derejesine çykarmakda uly işleri alyp barýan, mähriban halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşyny üpjün edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn! 

 

Durdy ARAZGULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.