logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Sanly ulgam - ösüşe badalga
  02.06.2023
1203
Sanly ulgam - ösüşe badalga

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagynyň esasy ugurlarynyň biri hem sanly ykdysadyýeti işjeň durmuşa ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019-2025-ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, raýatlara sanly ulgam arkaly döwrebap hyzmatlary bermek maksady bilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen görnüşde dolandyrylmagyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleri açýar. Şunda şahsyýetleşdirilen önümçilik we sarp ediş bazarlary hem ösdürilýär. Sanly ulgam söwda kärhanalary sarp edijiler barada maglumatlary toplamaga, söwdany guramak işini kämilleşdirmäge, dürli önümlere bolan islegleri seljermäge mümkinçilik berýär.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzda uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna täsir eder. Bu ugurdaky işleriň netijeliliginiň bitewiligini üpjün etmekde ýaş hünärmenlere aýratyn orun degişlidir. Sanly ösüş ulgamy häzirki zaman ylymlaryndan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegini hem nazarlaýar. Häzirki wagtda sanly ulgamyň talaplaryny nazara almak bilen, pudaklaryň işgärleri üçin hünärini ýokarlandyrmak ulgamy ýola goýuldy.

 

Magtymguly BEGMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.