Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly bilimiň kämilleşdirilişiniň milli ugurlary
  21.10.2020
567
Sanly bilimiň kämilleşdirilişiniň milli ugurlary

      Häzirki wagtda ýaş nesli terbiýelemekde talaplar güýçlenip, olar täze many-mazmuna eýe bolýar, ýaşlaryň geljekde öz işiniň ussatlary bolup ýetişmekleri üçin, okuw döwründe çagalaryň zehinlerine we ukyplaryna görä bilim terbiýe bermek üns merkezinde saklanylýar. Onuň üçin bolsa, netijeli dünýä terbiýesini we usullaryny peýdalanmakda toplumlaýyn işleri geçirmek, mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga degişli çäreleri ulanmak gerek bolýar. Hut şu jähetden, bilimiň ähli basgançaklaryna öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki hem tehnologiki enjamlaryň netijeli ulanylmagy – ýetilen belent sepgitlere, gazanylan üstünliklere berk binýat bolup çykyş etjek möhüm ähmiýete eýedir.

      Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinde görnüşi ýaly, sanly bilim döwletiň ösüş depgininiň çaltlandyrylmagyna oňyn täsir edýär. Sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna bilim berlişiginiň mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyny, hil taýdan çuňlaşdyrylmagyny, bilim berliş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, milli bilimiň öňki däp bolup gelýän usulyýetinden düýbünden tapawutlanýan täze usulyýete geçilmegini gazanmak mümkindir. Şonuň üçin-de, bu ugurda hödürlenýän dürli görnüşli hyzmatlaryň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, bilim ulgamynyň ähli pudaklaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

      Sanly bilim ulgamyny ösdürmek arkaly milli we halkara ölçeglerine, häzirki zaman jemgyýetiniň talaplaryna gabat gelýän ýokary hilli bilim almak üçin, onuň usulýet taýdan üpjün edilmegi, bu ugurdaky tejribeleriň ýaýradylmagy hem gazanylmalydyr. Şeýle-de sanly bilimden peýdalanmagyň usulyýet ulgamy babatdaky tejribeleri ýaýratmagyň häzire çenli bar bolan görnüşleri ýene-de kämilleşdirilmelidir. Şol sebäpli professor-mugallymlar, usulyýetçi alymlar, gyzyklanýan talyplar, orta mekdepleriň mugallymlary, çagalar bagynyň terbiýeçileri üçin, tejribeli hünärmenleriň gatnaşmagynda sanly bilim ulgamyna okuw, usuly, ylymy işleriň ornaşdyrylmagynyň öňde durýan meselelerine bagyşlanan ýörite okuw sapaklarynyň guralmagy ýygjamlaşdyrylýar. Şeýle sapaklar arkaly ulgamy sanlylaşdyrmak boýunça bar bolan düşünjeler kämilleşdiriler hem-de geçirilýän maslahatlarsanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri barada her gezekde täze düşünjeleriň alynmagyna getirer.