Halklary tapawutlandyrýan onuň medeniýeti, milliligi, milli gymmatlyklary, däp-dessurlarydyr. Gahryman Arkadagymyz, mirasa sarpa goýmaklyk bilen bir hatarda türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda bimöçber işleri durmuşa geçirdi. Türkmen halkynyň nepis el halysy, älemgoşar kysymly ketenisi, gyl ýaly bedewi milli gymmatlygymyzyň özeni bolup, bularyň her birisi özünde gaýtalanmajak gözelligi jemleýär. Türkmeniň taryhyndan şu güne çenli gadyry, gymmaty ýyllar boýy artdyrylyp gelen ahal teke bedewleri gözelligiň, ýyndamlygyň iň ajaýyp nusgasydyr. Taryha ser salanyňda iň soňkyja pursatda öz eýesiniň ýaşamagyna sebäp bolan ahal teke bedewleri barada ençeme, rowaýatlar döredilipdir. Onsoň neneň edip oňa ýürekdeş dost, syrdaş, adam ýaly duýgur jandar diýmejek. Gadymy türkmen atlary ,türkmeniň nesline Ýaradanyň peşgeşi boldy. Türkmenler ony daş-töwerege uýgunlaşan taýýar serişde hökmünde kabul etdiler. Eýsem, ahalteke bedewi nireden peýda bolupdyr? Gürrüň dürli halklaryň sungatynda we rowaýatlarynda ebedileşdirmek hormatyna mynasyp bolan ahal teke atlary hakynda barýar. Türkmen bedewi asyrlaryň jümmüşinden şu günki güne çenli dünýäni haýrana goýup gelýär. Rowaýatlaryň ençemesinde söweş üçin gelen duşman ahal teke bedewlerinden serpaýlanylsa dawa-jenjelsiz parahatçylyk bilen yzlaryna dolanar ekenler Diňe bir türkmenleriň taryhynda däl halk arasynda giňden tanalýan meşhur jahan keşdeleriň gadymy ýazgylarynda hem “Ahal teke ” bedewiniň tarypyna duşmak bolýar. Taryhçylar 1947-nji ýylda hunlaryň mekanynda, Alty aýdan üstünden iki ýarym müň ýyl geçiren edil adam ýaly jaýlanan, doňup galan aly hem halyny tapdylar. Halynyň özüniň dokalyş tehnologiýasy boýunça-da, göl-nagyşlary boýunça-da häzirki türkmen halylary bilen ekiz taýy ýalydygyny alymlar anykladylar. Belli taryhçy hem halyşynas S.Rudenko şeýle ýakynlyk barada gürrüň edip, bu haly hunlara Eýrandan ýa-da Orta aziýadan düşendir diýen netijä geldi. Pazrak depesinden tapylan at barada bolsa atçylygy öwrenýän taryhçy W. Kowalewskaýa “bu at ahal-teke atyndan başga zat däl. Meger ol söwda ýoly, ýa-da harby maksatlar bilen Orta Aziýadan getirilen bolmaly” diýip ýazdy. Taryha ser salsak bi ýene birnäçe maglumatlaryň üstinden bararys. Gürrüň dürli halklaryň sungatynda we rowaýatlarynda ebedileşdirmek hormatyna mynasyp bolan atlar hakynda barýar. Ählisiniň manysyny bir ýere jemlänimizde bolsa islendik döwrüň hanlary, şalary ahalteke bedewinden edinmekligi özlerine uly dereje abraý bilipdirler.
“Meniň bir bedew atym bar, seýisläp ber Jygal beg. ” Görogly eposynyň ir zamanlarda döränligine garamazdan şol eserde beýan edilýän, suratlandyrylýan Gyratyň biziň ahalteke atlarmyz bilen meňzeş gelýänligini görip bolýar. Diýmek ahalteke atynyň tohumyny irki döwürlerden bäri türkmenler gorap saklapdyrlar. Ata-babalarymyz atlara ideg etmek meselesinde ussat seýisleri taýýarlap ýetişdiripdirler. At bilen ykbalyny baglan seýisler daglarda meýdanda galan atyň toýnagynyň yzyndan şol atyň kimiňkiligini tanamagy başarypdyrlar. Munuň özi türkmen seýisleriniň ahalteke atlaryna bolan söýgüsiniň alamatydyr. «Ýüwrük atyň bahasy bolmaz» -bu halk nakylynda atyň däl-de, ony seýisleýän adamyň başarnygynyň subutnamasy jemlenendir. Ýyndamlylyk, çydamlylyk, häzirki zaman türgenleşik usulynda göz öňünde tutulýan esasy netije bolup durýar. Ahal teke bedewleri şu günki güne çenli öziniň aýratynlyklary bilen dünýäni haýrana goýup gelýär. Muňa türkmen sirkçileriniň “At üstindäki oýunlar” atly çykyşy bilen dünýä derejesinde geçirilen bäsleşikde baýrakly orna mynasyp bolmaklary hem şaýatlyk edýär. Biz muny şol bäsleşikde, dünýä ýüzünde ahalteke bedewlerine berlen mynasyp baha hasaplaýarys. Türkmeniň öýünde atyň sarpasynyň belentligi sebäpli, at aljaga, jaý aljaga kömek etmeklik edehede öwrülipdir. Aslyndaha türkmen ýigitlerini bedewsiz göz öňüne getirmegem kyn. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen şeýle ajaýyp zamanada, türkmeniň ahal teke bedewleri toýyň bezegine öwrüldi. Her ýyl Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän “Dabaraly ýörüşde” ýörite atly gerçek atly topar çykyş etýär, Şol pursat türkmeniň milli geými, ýaş ýigidiň gaýduwsyzlygy, Behişdi bedewiň owadanlygy jemlenip kalbyňy heýjana salýar. Mundan başgada birnäçe atçylyk toplumlary halk köpçiligine ulanylmaga berilip ýörite tohum atlar seýislenip ýetişdirilýär. Uly ýaşly we ýaşajyk çapyksuwarlaryň arasynda ýörite baýramçylyklar sebäpli bäsleşikler, atçapyşyklar geçirilip durýar. Atçapyşyklara tomaşa etmekligiň lezzeti hem aýra. Türkmenler bu gün syrdaş, egindeş, ýoldaş bolan bedewleriň şanyna her ýylyň aprel aýynyň 26 ni baýram edip belleýär. Behişdi bedew ylham çeşmesi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzlyp çykan kitaplarynda türkmen bedewi barada has hem giňişleýin bellenilip geçilýär. Kitapda ýerleşdirlen taýçanaklaryň, baýtallaryň, bedewleriň suraty janly kimin duýgularyňa täsir edýär. Alym Arkadagymyzyň türkmen bedewi atly kitaby owalda-ahyrda bedew atyna ykbalyny baglan türkmenler üçin tapylgysyz serpaýdyr.