Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Daşky gurşawy goramakda durnukly energetika ✦ ✦ Gawun agajy barada nämeleri bilmeli?! ✦ ✦ Pawloniýa ― gymmatbahaly agaç ✦ ✦ Türkmen sportunda ýetilen sepgitler ✦ ✦ Bitaraplyk - parahatçylygyň binýady ✦ ✦ Täze ýylym, gadamlaryň mübärek ✦ ✦ Ýer Şaryndaky Gyzgyn we Sowuk Suw Akymlary ✦ ✦ Bitaraplyk – parahatçylygyň beýik taglymaty ✦ ✦ Türkmenistan bilen Türkiýäniň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy artýar ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Rally-reýd» çempionaty geçirildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Saglyk üçin iň peýdaly gök otlar
  15.02.2023
3519
Saglyk üçin iň peýdaly gök otlar

Azyklyk hökmünde ulanylýan gök otlar ýapraklary we ýaşyl baldagy üçin ösdürilip ýetişdirilýän gök önümlerdir. Mälim bolşy ýaly, gök otlar täze, terligine iýilýär, işdäaçar üçin ulanylýar, konserwirlenýär we dürli tagamlara goşulýar. Olaryň sanawy gaty giň, ýöne olaryň arasynda has-da peýdalylary şulardyr: 

Mangold ýa-da şugundyr ýapragy 

Baldaklarynyň reňki we ýapraklaryň görnüşi bilen tapawutlanýan bu gök otuň köp sanly görnüşi bar. Ol diňe bir tagamly bolman, eýsem örän saglykly otdur. Ýapraklarynda C, B1, B2 we PP witaminleri, karotin, mineral duzlar, beloklar we şeker bolup, ol ganazlyk üçin hem iýmitleniş hünärmenleri tarapyndan maslahat berilýär. 

Ysmanak 

Ysmanak iň witaminli ýaprakly gök otlaryň biridir. Onda has köp fosfor, demir, kobalt, marganes, mis bar. Ysmanak dünýäniň ähli aşhanalarynyň reseptlerinde bolýar. Bitarap tagamy bar, şonuň üçin ony dürli tagamlara goşundy hökmünde ulanyp bolýar. Gök otlaryň arasynda ysmanak, düzümindäki witaminleriň mukdary, şeýle hem mikro we makro elementler bolan kalsiý, magniý, natriý, kaliý, fosfor, demir, sink, mis, marganes, selen, A, B witaminleriň saklanyşy boýunça özboluşly ammardyr.

Rukkola oty

Onuň özüne mahsus ysy bolan etli ýapraklary bar. Ýapraklary ýaramly witamin we toksiki täsiri azaldýan serişdedir. Hatda gadymy rimliler hem onuň ýiti tagamyny gowy görüpdirler we ony ýakymly ys hökmünde ulanylypdyr. Ol minerallara baý, düzüminde köp ýod (700 mkg / kg çenli) we C witamini bar, düzüminde alkoloidler, flawonoidler, B witaminleri, mineral duzlar, demir, limon kislotalary bar.

Adaty gök sogan 

Ol A witamine, beta-karotine, B1, C, E, K witaminlerine we kaliý, magniý minerallaryna baýdyr. Içindäki askorbin kislotanyň düzümi sebäpli iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri we duz çalşygynyň bozulmalary bolan adamlara zyýanlydyr. Ol ähli gök önümler we beýleki iýmitler bilen gowy gidýär. Şeýle hem onda demir, fosfor we beýleki elementler, şeker we limon we foli turşulyklary bar. 

Gök otlary iýmegiň peýdalary: 

- Olarda kaloriýa az.
- Esasan hem, C witamine baý. Beýleki witaminler hem köp mukdarda bar.
- Täze hem terligine ulanylýandygy sebäpli, olar bilen dürli tagamlary taýýarlap bolýar.
- Iýmit siňdirişiň haýal bolmagy sebäpli uzak wagtlap açlyk duýgusyny aradan aýyrýar.  

Mikro-gök otlar

Olar soňky ýyllaryň ýapyk ulgamda ýetişdirilýän ýörgünli önümi bolup,  uzynlygy 5-6 sm bolan ýaşajyk nahallardyr. Bu otlar diýseň peýdaly we ýylyň islendik wagtynda hem elýeterlidir. Ony islendik owadan gapda ekip bilersiňiz. Şeýle hem aşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilip, ol ýeriň gözelligini baýlaşdyrýar.  

 

Gunça NURBERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.