Jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş derejesi islendik ýurdyň ilatynyň durmuş derejesiniň, onuň döwlet nusgasynyň we durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Çünki saglyk ulgamynda esasy ýörelgeler bolup, olar döwletimiziň adam mümkinçiliklerine uly ähmiýet berlip, “Saglygym-baş baýlygym” diýen düşünje bilen kesgitlenilýär. Aýratyn bellenilmeli ýagdaýlaryň biri hem biziň ýurdumyzda dünýä derejesinde sagdynlygy hem abadanlygy üpjün etmek , adamlaryň saglygyny, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, saglygy goraýyş ulgamy kämilleşdirmek meselelerinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, ÝUNISEF-niň, ÝUNFPA- nyň saglygy goraýyş, ilat we ösüş ugrundaky umumy strategiýalaryny goldaýar, bilelikdäki taslamalarydyr maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Dünýäniň ösen döwletleri bilen özara bähbitli tejribäniň alyşylmagy netijesinde, saglygy goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň kämil usullary netijeli ornaşdyrylýar. Bu bolsa lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Hut şol maksatdan ugur alyp bütindünýä halklarynyň birleşmeginde guralýan sergilerde türkmen lukmanlary, saglygy goraýyş we derman senagaty edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda özleriniň Lukmançylyk ulgamynda adamzat ähmiýetli alyp barýan işlerinde gazanan netijeleri bilen çykyş edip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hem-de beýleki abraýly düzümleriň güwänamalaryna eýe boldylar.
Dürli ýyllarda ýurdumyza gowşurylan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hem-de beýleki abraýly düzümleriň güwänamalary türkmen lukmançylygynyň keselleriň öňüni almakda we olara garşy göreşmekde hemde duzy ýodlaşdyrmakda, uny demir we foli kislotasy bilen baýlaşdyrmakda gazanan üstünliklerine bilermenler jemgyýeti tarapyndan ýokary bahalaryň eýesi boldy. Guralýan şeýle sergilerde meýdançasynda maslahat beriş nokatlary bolup, şolardan keselleriň öňüni almak boýunça hünärmenleriň maslahatlaryny almak bolýar. Şeýle sergilerde özara pikir alyşmak bilen dünýä derejesinde gazanylan üstünlikleri nazara alsak ýokanç keselleriň birnäçesi, şol sanda ýokanç deri, poliomielit, gyzdyrma, gyzamyk, garamyk, we gyzylja keselleriniň ýok edilmegi gazanyldy.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň talaplary hem-de wagyz-nesihatçysy, bu babatda watandaşlarymyza, dünýä ýüzünde şahsy görelde görkezýän Lukman Arkadagymyz adamyň jan saglygy hakyndaky aladany, onuň saglygyny we abadançylygyny döwlet syýasatynyň we diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň hataryna çykardy. Alym Arkadagymy/.yň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni şeýle mysallaryň biridir. Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýörüşi bilen bellenilýär. Bütindünýä saglyk güni bolşy ýaly, bu baýramçylyk hem sagdyn durmuş ýörelgesiniň daşynda müňlerçe adamlary, ilkinji nobatda ýaş nesilleri birleşdirýär. Aýratyn bellenilmeli esaslaryň biri hem adamzat saglygyny goramakda, Lukman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli kitaby BMG-sy tarapyndan alnyp barylýan işlere goşan şahsy goşandynyň ýene biridir. Dünýäniň dürli dillerinde terjime edilen bu kitap saglyk ulgamynda häzirki wagta giňden peýdalanylýar. Hemmämize mälim bolşy ýaty Lukman Arkadagymyzyň adamzat bähbitli amala aşyran bu beýik işi mynasybetli Ýoponiýa döwletiniň Hirosaky döwletmiň Dogtary diýen hormatly ady berildi. Bu hormatly derejäni türkmen halky türkmenistanyň Prezidentine we türkmenistanyň halkyna berilen mynasyp baha hasaplaýarys.
Bütin dünýä ýüzinde öňe sürülýän taglymatlarda adamzadyň saglygy iň gymmatly hazyna hasaplanylýar. Ynha şonuň üçinem her ýylyň 21-nji iýulynda ‘Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni” diýip baýramçylyk dabarasy bellenilip geçilýär. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde türkmen lukmanlary sylaglamak dabarasy geçirilip, Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny özygtyýarlyklaryny pugtalandyrmakda, döwlet jemgyýetçilik işinde uly zähmet üstündiklerini gazanandyklary, keselleriň öňüni alyş anyklaýyş hem-de olary bejermegiň netijeli usullaryňy saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrandyklary, ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem- de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny nazara alyp Lukman Arkadagymyzyň permany bilen “Türkmenistanyň halk lukmany” diýen hormatly atlar dakylýar.
Mähriban türkmen halky, lukmançylyk ugrynda zähmet çekýän watandaşlarymyz baýramyňyz, baýragyňyz gutly bolsun. Gül diýaryň goýnunda, asuda säherlerde dogýan her günüňiz saglykdan paýly, bagtdan serpaýly bolsun.