logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Health /Sagdyn ýaşamak üçin peýdaly 6 önüm
  24.10.2022
2818
Sagdyn ýaşamak üçin peýdaly 6 önüm

Lukmanlar sagdyn ýaşamak üçin ilki bilen iýilýän we içilýän zatlara juda üns bermelidigini belleýärler. Islendik adamyň sagdyn ýaşamagy üçin bolsa peýdaly 6 önümi size ýetirmegi makul bildik: 

1) Gök çaý; 

- Gök çaýyň Düzüminde antioksidant bar. Bu bolsa öýjükleriň zaýalanmagynyň öňüni alýar we olary goraýar. Bedendäki rak keseline sebäp bolýan erkin radikallaryň ýok edilmegini goldaýar. Her gün 2-3 käse gök çaý içmek bedeni berkidýär. Duýgy agzalarynyň işini gowulandyrýar. Dowamly kesellerden goraýar. 

2) Balyk; 

- Balygyň düzümi «omega-3» ýaly ýag kislotalaryna örän baý bolup adam beýnisindäki öýjükleriň täzelenmegini goldaýar. Alsgeýmer keseliniň döremek howpunyň öňüni alýar. Ýürek saglygyny we gan damarlaryny goramaga kömek edýär. Balyk deriniň we gözüň saglygy üçin hem örän möhümdir. Balygyň düzümindäki birnäçe peýdaly maddalar we minerallar düwnük keseline sebäp bolýan ähli zyýanly çişleriň ösmeginiň öňüni almakda möhüm ähmiýetlidir. 

3) Kiwi; 

- C witamini taýdan örän baý iýmit bolan Kiwi, garrylyga garşy esasy iýmitleriň biridir. Kiwi şol bir wagtda demgysma keselinden goraýar, iýmit siňdiriş ulgamyny goldaýar şeýle hem deri we saç saglygy üçin örän peýdaly bolup durýar. 

4) Ýumurtga; 

- Ene süýdünden soň dünýäde iň ýokary hilli belok bolan ýumurtga, sagdyn ýaşamak üçin ýokary derejeli iýmitlerden biridir. Ýumurtga B12-niň baý çeşmesidir we bedende öndürilip bilinmeýän we iýmit bilen alnyp bilinmeýän aminokislotalara örän baýdyr. Şeýle hem öýjükleriň gaýtadan dikeldilişini çaltlaşdyrýar we nerw ulgamyny goraýar. Garramagy haýalladýar. 

5) Üzüm; 

- Üzüm antioksidant aýratynlygy bilen erkin radikallaryň ýetirýän zyýanyny azaldýar. Goraýjy aýratynlygy bilen göz saglygyny goldaýar. Şeýle hem insuline garşy hereket etmek, gan basyşyny peseltmek, çişiň ösmegini we köpelmegini bökdemek we bagyr saglygyny goramak üçin möhüm ähmiýetli miweleriň biridir. 

6) Brokkoli; 

- A, C witaminine we sink minerallaryna baý bolan  brokkoli ýokançlygyň öňüni almakda, düwnük keselinden goramakda, gandaky şekeri kadalaşdyrmakda, ýürek saglygyny goramakda, iýmit siňdiriş ulgamyny güýçlendirmekde örän möhüm önüm hasaplanylýar.

 

Asman KURBANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.