logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Poetry /SAGDYN DURMUŞLY TÜRKMENISTAN WATANYM
  30.08.2020
1060
SAGDYN DURMUŞLY TÜRKMENISTAN WATANYM

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda  Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda iýmit howpsuzlygyny üpjün etmek, adamyň sagdyn ösüşini gazanmak, zähmete ukyplylygyny ýokarlandyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda             durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň barşynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, Bütindünýa Saglygy Goraýyş Guramasynyň maksatnamalarynyň we halkara kadalarynyň talaplarynda ilatyň sagdyn iýmitlenmegini üpjün etmek çygrynda guramaçylyk-usulyýet işleri alnyp barylýar. Raýatlaryň ömrüniň ähli tapgyrlarynda iýmitlenmegiň sazlaşykly we kadaly bolmagyny gazanmak, ilatymyzy howpsuz we sagdyn iýmit önümleri bilen durnukly üpjün etmek, iýmit ulgamynda yzygiderli gözegçiligi alyp barmak, barlaglary geçirmek we tejribä ornaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak ýaly wajyp wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa, geljekde ilatyň saglygynyň goraglylygynyň ýokarlandyrylmagyna, dürli keselleriň öňüniň alynmagyna, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyna we sagdyn iýmitlenmek boýunça düşünjeleriniň, biliminiň ýokarlanmagyna, ekologiýa taýdan arassa iýmit önümleriniň bolçulygyna gönükdirilen maksatnamalaýyn wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Sanitariýa kadalarynyň düzgünlerine laýyklykda, iýmit önümleriniň, şol sanda çagalar üçin niýetlenen önümleriň, dermanlyk serişdeleriň, hojalykda ulanylýan içilýän suwuň hiline we howpsuzlyk derejesine, önümçilik sanitariýa gözegçiliginiň amala aşyrylmagynda sanitariýa kodeksiniň ähmiýeti uly bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde we adamlaryň iýmitlenmek ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Azyk we Oba hojalyk guramasy, Bütindünýä azyk guramasy ýaly edaralary bilen sazlaşykly alyp barýan işleriniň netijesinde ýurdumyzda ýokary hilli harytlaryň öndürilmegini gazanmak meselesi oňyn çözülýär.