Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly çözgütler bilen ykdysadyýetiň täze keşbi ✦ ✦ Edebiýat we pedagogika — ýaşlaryň ruhy ýolbeletleri ✦ ✦ Gadymy hünäriň eýesi: Daşoguzly ussa ýokary ada mynasyp görüldi ✦ ✦ Türkmen alabaýynyň halkara güwänamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ “Merkezi Aziýa + ABŞ” işewürlik forumy geçiriler ✦ ✦ Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý gatnaşyklary berkeýär ✦ ✦ Sanly ulgam - ykdysadyýetiň ösüşi ✦ ✦ Nemes dilini öwretmekde internet platformalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde döwrüň talaby ✦
Baş sahypa / Saglyk /Sagdyn durmuş üstünligiň açarydyr
  06.04.2023
919
Sagdyn durmuş üstünligiň açarydyr

Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutmak, keselleriň ýüze çykmagynyň, ýaýramagynyň öňüni almak, halkymyzy sagdyn durmuşda ýaşatmak boýunça geçirilýän işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz ajaýyp beýanyny tapýar.

Halk arasynda «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen parasatly sözler bar. Sagdyn bolmak islendik ýaşda özüňi gowy duýup ýaşamakdyr. Munuň üçin bolsa, ilki bilen, biziň her birimiziň öz saglygymyz hakynda alada etmegimiz gerek. Elbetde, adamyň jan saglygy köp zatlara bagly bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy sütünleriniň biri kadaly iýmitlenmek bolup durýar. Iýmitiň kadalylygyny berjaý etmegiň saglygy berkitmekde möhüm ähmiýeti bardyr. Kadaly we peýdaly iýmitlenýän adam dürli kesellerden goranar hem-de sagdyn we berk bedenli bolar.

Sagdyn iýmitlenmek üçin witamine baý bolan iýmitleri iýmegi endik edinmeli. Miwe we gök önümleri mümkin boldugyndan köpräk iýiň. Kadaly iýmitlenmek düzgünlerini berjaý etmek bilen, biz özümizde nädogry iýmitlenmekden ýüze çykyp biläýjek aşa semreme, gan basyşynyň ýokarlanmasy, ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklary, täze döremeleriň we ýene-de birnäçe keselleriň öňüni alyp bileris. Saglygyň açary her kimiň öz elinde. Dogry iýmitlenmegiň düzgünlerini doly we dogry berjaý edip, öz beden saglygyňyzy gorap saklaň! Sowuk ýa-da öte gyzgyn, gurak nahar, ýatar garna köp iýmek, uzak wagt aç gezip, soň doýup iýmek, howlugyp iýmek hem zyýanlydyr. 

 

Gurbanjemal ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.