logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Health /Sagdyn bedende – sagdyn ruh
  06.04.2025
1231
Sagdyn bedende – sagdyn ruh

Adam sagdyn bolanda, onuň ýüregi ruhubelent, köňli giň, pikirleri açyk bolýar. Beden saglygy — adamyň ýaşaýyş hiliniň, işjeňliginiň we ruhy rahatlygynyň binýadydyr. Sagdyn adam özüni ýeňil duýýar, döredijilik bilen meşgullanmaga ukyply bolýar, jemgyýetde işjeň gatnaşýar.

 

Bedeniň saglygyny saklamak üçin dogry iýmitlenmek, yzygiderli bedenterbiýe bilen meşgullanmak, arassaçylyk düzgünlerine eýermek we ýaramaz endiklerden daşda durmak zerurdyr. Şu çäreler diňe bir bedeni däl, eýsem adamyň ruhuny hem arassalaýar, ýüregindäki göwün saglygyny pugtalaşdyrýar.

 

Ruhy saglyk — bu adamda gowy niýetiň, sabyrlylygyň, hoşniýetiň, düşünişmegiň, ynamyň we ruhubelentligiň bolmagydyr. Ruhy taýdan sagdyn adam kynçylyklara garşy göreşmegi başarýar, durmuşda deňagramlylygy saklaýar we özüniň hem-de başgalaryň duýgularyna hormat goýýar.

 

Stress, alada, ruhy gahar-gazap bedeniň saglygyna hem zeper ýetirýär. Şonuň üçin adamyň ruhy taýdan hem özüni gowy duýmagy, diňe bir özüniň däl, eýsem jemgyýetiň hem sagdynlygyny üpjün edýär.

 

Akylly, paýhasly, sabyrly we mylaýym adamlar köplenç ruhy taýdan sagdyn adamlardyr. Olar durmuşda deňagramly kararlar berýärler, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadaly alyp barýarlar we islendik ýagdaýda özlerini saklap bilýärler. Şeýle ruhy sagdynlyk hem tebigy zehin bilen baglanyşykly bolman, eýsem terbiýe, durmuş tejribesi, sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr.

 

Türkmen halkynyň «Köňül sag bolmasa, beden sag bolmaz» diýen pähimi hem bedeniň we ruhuň bitewüligini tassyklaýar. Ruhy taýdan rahat adamda bedeniň ýagdaýy hem kadaly bolýar. Munuň tersine-de, ruhy göwünsizlik bedeniň dartgynlylygyna, immunitetiň peselmegine getirýär.

 

Ýurdumyzda her ýyl «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň» şygary astynda geçirilýän çäreler halkyň sagdynlygyny, ruhubelentligini, sporta bolan höwesini, sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini has-da artdyrýar. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ýaşlaryň diňe bedenini däl, ruhuny hem berkidýär. Sport adamda çydamlylygy, maksada okgunlylygy, tertipliligi we ýeňişe bolan ynamy ösdürýär. Şeýle häsiýetler bolsa, ruhy saglygyň aýrylmaz bölegi bolup hyzmat edýär.

 

Jennet ILAMANOWA, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Psihiatriýa, narkologiýa we medisina
psihologiýasy kafedrasynyň mugallymy.