logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Rumyniýada “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy ” atly halkara maslahat geçirildi
  16.05.2025
741
Rumyniýada “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy ” atly halkara maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy bilen Ploeşti şäherindäki Nebit-gaz uniwersitetiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy – parahatçylyk we ynanyşmak ugrunda goşant” atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň BMG tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegine bagyşlandy.

 

Maslahata parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde Bitaraplygyň eýeleýän möhüm ornuny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen diplomatlar, alymlar hem-de talyplar gatnaşdy. Uniwersitetiň rektory professor Alin Dinisa hem-de Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Pawel Kasian Nițulesku çykyş edip, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada durup geçdiler.

 

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Annamammet Annaýew hem çykyş edip, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň parahatçylyk diplomatiýasynyň esasyny düzýändigini we halkara gatnaşyklaryndaky jogapkärçilikli çemeleşmäniň nusgasy bolup hyzmat edýändigini nygtady.

 

Maslahatyň dowamynda ykdysady meseleler, hususan-da “Hazar deňzi – Gara deňiz” ulag geçelgesi taslamasy bilen bagly pikir alyşmalar boldy.

 

Çäräniň ahyrynda medeni maksatnama görkezildi. Ol türkolog alym Margareta Aslanyň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada eden çykyşyny, wideoşekilleriň görkezilmegini hem-de myhmanlara milli tagamlaryň hödürlenmegini bilen jemlendi.