logo

Latest news:
✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦
Home / Interesting /RAÝATLYK DÜŞÜNJESI
  22.05.2023
837
RAÝATLYK DÜŞÜNJESI

Taryhda ilkinji gezek raýatlyk düşünjesi beýik Fransuz rewolýusiýa tarapyndan döredilendir. Şunuň bilen raýatlyk konsepsiýasy adamyň we häkimiýetiň aralarynda döreýän özara gatnaşyklaryň adaty ulgamyna täze alamatlary girizendir. Eger öň bu gatnaşyklar özüniň aglabasynda şahsyýetiň häkimiýete tabyn bolmak borjunyň jähtinde seredilen bolsa, raýatlyk konsepsiýasy adamy (oňa döwlet edaralarynyň guramaklygyna we olaryň işine gözegçilik etmeklige mümkinçilik berýän hukuklaryň toplumyny bermek arkaly) jemgyýetçilik-häkimiýet gatnaşyklarynyň subýekti hökmünde kabul edilmegine gönükdirilendir.

XX asyryň II ýarymynda raýatlyk düşünjesi (kesgitlemesi) has giň we köp taraplaýyn hadysa hökmünde kesgitlenip başlanypdyr. Raýatlyk diýlen düşünje şahsyýetiň raýat bolup durýan döwletiniň belli bir bileleşige umumy taryhy, medeniýeti, we adatlary bilen birleşen döwletleriň arkalaşygyna girmekligiň güýjüne edinýän aýratyn statusyny kesgitlemek üçin peýdalanylypdyr.

1992-nji ýylda Maastriht şertnamasy bilen döredilen Ýewropa bileleşiginiň raýatlygy özboluşly status bolup, bileleşigiň agzalary bolup durýan ýurtlaryň raýatlyklaryndan gelip çykýar. Bileleşigiň agzasy bolup durýan ýurduň raýatlygynda ýüze çykýan islendik üýtgeme şahsyýetiň bileleşigiň çäklerindäki raýatlyk ýagdaýynda belli bir netijelere getirýär.

Raýatlygy edinilmegi we ýitirilmegi baradaky düşünjeler 1948-nji ýylda kabul edilen Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 10-njy maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda her bir adamyň raýatlyga hukugy bardyr. Häzirki zaman döwletleriniň kanunçylyklarynda raýatlygy edinmegiň dürli şertleri kesgitlenendir emma raýatlyk edinmegiň iň ýaýran görnüşleri bu raýatlygy belli bir döwletde dogulmak bilen ýa-da naturalizasiýa ýaly bilen edinmekdir.

Dogulmak hukugy boýunça, ýagny adamyň dünýä inmegi bilen baglylykda öz ene-atasynyň milli we döwlet degişliligine laýyklykda raýatlygyň.

Gan hukugy, ýagny belli bir döwletiň raýatlygy bolup durýan ene-atadan dogulmak. Toprak hukugy bu belli bir döwletiň çäginde ýaşaýan ene-atadan dogulmak. Halkyň milli medeni ýeke-täkligini saklamaklyga çalyşýan döwletler gan hukugyna eýerýärler. (Germaniýa, Şweýsariýa, Italiýa). Ilatyň aglaba bölegini göçüp gelenler bolsa toprak hukugyna eýerýärler. (ABŞ,  Kanada). Köp döwletler garyşyk ýörelgesine ýagny gan hukugynyň we toprak toprak hukugynyň belli bir çäklerde kybaplaşdyrylan  görnüşini  ulanýarlar. 

 

Gülşat JORAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň mugallymy.