logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Interesting /Pyşbagalaryň ummanda ugruny nädip tapýandygynyň üsti açyldy
  16.05.2022
1005
Pyşbagalaryň ummanda ugruny nädip tapýandygynyň üsti açyldy

Neşir edilen täze gözlegde uzak aralyklara syýahat etmek bilen tanalýan deňiz pyşbagalarynyň nädip ýol tapýandyklary barada maglumatlar tapyldy.  Alymlar bu haýwanlaryň Ýeriň magnit meýdanyndan peýdalanýandyklaryny mälim etdiler.

Okeanlarda ýaşaýan jandarlar hakda yzygiderli täze gözlegler geçirilse-de, käbir jandarlar baradaky maglumatlar syr bolup galýar.  Deňiz pyşbagalarynyň we beýleki suw mör-möjekleriniň açyk ummanda nädip hereket edýändigi alymlar tarapyndan köpden bäri öwrenilip gelinýär.

“Royal Society Interface” žurnalynda çap edilen täze gözleg bu mesele boýunça täze we yşyklandyryjy maglumatlary ýüze çykardy.  Gözlegleri geçirýän alymlar uzak aralyga göçmegi bilen tanalýan pyşbagalaryň suwda nädip ýol tapýandyklarynyň syryny çözmek üçin täze açyşlara ýetendiklerini habar berdiler.

Gözlegçiler 22 sany suw pyşbagasyna GPS enjamyny ýerleşdirdiler. Hünärmenler, pyşbagalaryň ot-iým üçin şeýle-de jübütleşmek üçin birnäçe ýollary geçýändigine gözegçilik etdiler. Netijede, pyşbagalaryň öz ugruny tapmak üçin Ýeriň magnit meýdanyndan peýdalanýandyklarynyň üsti açyldy. Mundan başga-da, magnit meýdanynyň beýleki janly-jandarlar tarapyndan hem ulanylýandygyny bellemelidiris.

Mährijemal KURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.