logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Culture /Pyragynyň döredijiliginde – ylym-bilim
  18.10.2022
1921
Pyragynyň döredijiliginde – ylym-bilim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge uly ähmiýet berilýär. Bu möhüm işde söz ussatlarymyzyň ajaýyp eserleri ygtybarly serişde bolup hyzmat edýär. Şeýle söz ussatlarymyzyň biri-de Magtymguly Pyragydyr. Türkmen halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy bolan Magtymguly Pyragy öz zamanasynyň dürli ylymlaryndan birkemsiz baş çykaran akyldar şahyr, beýik söz ussady bolupdyr. Ol halkynyň berkararlygy hakyndaky çuň pikirleri, paýhasly jümleleri bilen diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem, geljekki nesilleriň ruhunda hem kalbynda ebedi ýaşajak aýdyň pikirleri, gymmatly garaýyşlary miras goýdy.

Dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem özüniň gymmatyny ýitirmän gelýär. Akyldar şahyryň türkmen halkyna mahsus dostanalyk, millilik, watançylyk, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik, wepadarlyk, agzybirlik, ula hormat, kiçä sarpa, kalbyň päkligi baradaky goşgulary halkymyzyň içinde paýhasly nakyla öwrüldi. Şahyryň goşgulary ýaş nesli milli hem sagdyn ruhda terbiýelemekde wajyp ugurlaryň biri bolmak bilen, şahyr öz döredijiliginde nesil terbiýesiniň möhüm meselelerine bagyşlanan çuň manyly pelsepewi pikirleriň üsti bilen durmuş wakalaryna ýüzlenipdir. Magtymguly Pyragy döwlet berkararlygynyň binýadynyň berk bolmagynyň halkyň ylym-bilim derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna düşünipdir. Beýik söz ussadynyň ylym-bilimi şöhlelendirýän, onuň ähmiýetini açyp görkezýän ençeme şygyrlary hem şaýatlyk edýär. Beýik akyldar şahyr: 

Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir,
Nesihatym uly ile ylymdyr..
 

- diýmek bilen, ynsany kämillige ýetirýän iň ygtybarly ýoluň ylymdygyny beýan edýär. Elbetde ylym ýolundan barýan ynsan mydama-da kämil hökmünde görlüpdir. Şahyr hem öz goşgularynda ylym öwrenmegi, kämillige ýetmegi ündäpdir. Umuman aýdanymyzda, dana akyldaryň şygyrlary her bir ynsany ýagşylyga, watansöýüjilige çagyrýar, hoşniýetli hem agzybir bolmaklygy ündeýär. Şol nukdaýnazardan hem beýik söz ussadynyň çuňňur many-mazmuna eýlenen baý döredijiligi nesil terbiýesinde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. 

 

Öwezmyrat REJEPOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.