Pulhatyn köprüsi Sarahs etrabynyň günortasynda, Tejen derýasynyň daglykdan çykyp, düzlüge ýaýylyp ugran ýerinde ýerleşýär. Il arasynda bu köprüniň gurluşygyny taryhda belli şahslar, ýagny A.Makedonskiý (b.e.öňki 336-323ýý.), emir Teýmir (1336-1405ý), Hüseýn Baýgara (1506ý. ýogalan) dagynyň atlary bilen baglanyşdyrýan giňden ýaýran rowaýatlar bar.
Isgender Zülkarnaýiniň goşunlary Eýrana, Merkezi Aziýa aralaşan wagtlary häzirki Pulhatyn köprüsiniň töwereklerini bir owadan baý zenan maşgala dolandyrypdyr. Patyşa aýal Isgenderiň ýörişi hakynda öňünden eşidip, serkerdä hormat goýup, onuň goşuny Tejen derýasyndan bökdençsiz geçer ýaly öz hasabyna köpri gurdurypdyr. Isgenderiň goşuny bu köprüden peýdalanyp, kynçylyksyz öz ýoluny dowam edipdir. Wagtyň geçmegi bilen köprüni gurduran aýalyň ady unudylypdyr. Bu waka halkyň aňynda köprüni gurduran aýal hakynda gürrüňler görnüşinde saklanyp galypdyr we köpri "puli hatyn", ýagny "aýalyň köprüsi" diýlip atlandyrylypdyr.
Pulhatyn köprüsi barada ýene bir rowaýaty meşhur türkmen bagşysy Ödenýaz Nobatow köpçülikde gürrüň bererdi. Myraly Soltan Söýüniň baş weziri bolan döwründe olar Hyrat şäherinde oturyp, ýurdy dolandyrypdyrlar. Bir gün Soltan Söýün Sarahsyň üsti bilen Eýrana ýöriş gurnapdyr. Şol wagt tomus aýlary bolany üçin derýanyň suwy akmaýan eken. Goşun derýadan geçipdir. Şol döwürde Tejeniň ýokary akym boýlarynda örän baý aýal ýaşaýan eken. Ol aýal Soltan Söýüniň goşuny bilen geçip gidenini eşidip, patyşa dolanyp gelýänçä oňa üýtgeşik sowgat taýýarlamagy ýüregine düwüpdir we tanymal ussalary çagyryp, olara derýanyň üstünden köpri gurmagy buýrupdyr. Birnäçe aýdan soň Soltan yzyna dolanyp gelse, derýa joşup, onuň hanasy dolup akyp ýatan eken. Goşunbaşy derýadan geçelge gözläp, täze gurlan köprüniň üstünden gabat gelýär we ondan geçmekçi bolýar. Emma onuň weziri Myraly:" Geçme namart köprüsinden, Goý aparsyn sil seni…" diýip, aýal maşgalanyň gyjalatyna galaýmagynyň ähtimaldygyny Soltana duýdurýar. Patyşa onuň maslahatyna eýerip, derýadan ýüzüp geçmegi müwessa bilýär. Aýtmaklaryna görä esgerleriň ählisi atlary bilen sag-aman ýüzüp geçipdir, diňe biri suwa akypdyr. Muňa geň galyp atyň içirgisini barlasalar, ol gara keçeden eken. Türkmen halky gara reňki onçakly halap duranok. Bu atlynyň suwa akmagyny şunuň bilen düşündiripdirler.
Her bir rowaýatyň düýbünde esas barlygy aýan. Şol sebäpden alymlar ylmy-gözleg işlerini dowam etdirip, Pulhatyn ýadygärliginiň ХV-nji asyra degişlidigini subut etdiler. Alym M.Kösäýew şahyr Alyşir Nowaýynyň "Horasanda köp sanly medrese, kerwensaraý, köpri, metjit, okalga, hassahana we ş.m. jaýlaryň 370 sanysyny gurmaga buýruk berendigini" ýazýar. Pulhatyn köprüsi Soltan Hüseýn Baýgaranyň Hyratda oturyp, Horasany dolandyran ýyllarynda gurlupdyr. Şol döwürlerde köprüniň 5 uly we 5 kiçi gözi bolup, onuň uzynlygy biziň häzirki zaman ölçegimizde 51,1 metre, ini hem 2,1 metre barabar eken. Bu barada ýazuw çeşmelerinde Hywa taryhçysy Agehi (1826ý.) habar berýär.
1889-njy ýylda rus patyşalygy zamanasynda köprüde düýpli rejeleýiş işleri geçirilipdir. Köprüniň 5 sany uly gözleri suw akar hökmünde goýlup, onuň ähli ýeri ýonulan daş bilen örtülipdir. "Pulhatyn" sözüniň ýene bir düşündirilişi bar. Belli dilçi S.Atanýazow ony "daş köpri" diýip düşündirýär .
Häzirki wagtda bu ajaýyp köprüniň uzynlygy 60 metr, ini 3 metr, beýikligi 10 metr. Köpri Tejen derýasynyň çalt akyp geçýän ýerinde bina edilipdir. 1976-njy ýylda derýanyň iň bir joşan wagtynda bu köpri sekuntda 1600 kubometr suwy geçirmäge ukyplydygyny görkezdi.
Köprüniň golaýynda Türkmenistan döwletimiz we Eýran Yslam Respublikasy bilelikde "Dostluk" suw howdanyny bina etdiler. Köpri häzirki günde iki döwlete hem degişli bolup, onuň Türkmenistan tarapynda gorag meýdany 88 inedördül metr. Ol döwlet ähmiýetli ýadygärlik hökmünde goralýar.