Suw gurşawynyň hem birnäçe bize mälim bolmadyk görnüşleri bardyr. Dünýä ummanlarynda hem-de deňizlerinde birnäçe ululy-kiçili balyklar maşgalasyna degişli bolan biri-birinden daşky alamatlary boýunça düýpgöter tapawutlanýan balyklary görmek bolar. Olardan biri hem daşky keşbi boýunça beýleki balyklardan düýpgöter tapawutlanýan «Pufferfish» ady bilen tanalýan täsin owadan balykdyr. Bu balyk beden gurluşy we zäherliligi bilen suw jandarlaryndan tapawutlanýar. Bu balyk başgaça «Iňňegarynly», «Fugu», «It balygy», «Dört dişli» ýaly atlar bilen hem tanalýar. Onuň latynça atlandyrylyşy bolsa «Tetraodontidae» bolup durýar.
Bu balygyň peýda bolmagy gaty adaty däl. Onuň bedeni gysga, ýöne gaty güýçli we ýiti teňňeler bilen örtülendir, ol teňňeleriň köpüsi bedeniniň aşaky böleginde ýerleşýär. Şonuň üçin hem oňa «Pufferfish» diýen at berlipdir. Bu täsin balygyň bedeniniň ortaça uzynlygy 80 sm bolup, iň uly nusgalarynda bolsa 1 m uzynlyga eýedir. Bedeniniň iň ýokary agramy 15 kg aralykda bolup bilýär. Balygyň agzy ewolýusiýa döwründe eňekleriň süňkleri bilelikde ulalansoň, guşlaryň tumşugyna meňzeýär. Ol bu «tumşugyň» kömegi bilen balyk awlaýar we beýleki balyklar bilen göreşende öz bähbitlerini goramana kömek edýär. Onuň agyz boşlugynda 4 sany dişi bolýar. Şonuň üçin hem oňa «Dört dişli» balyk ady hem berlipdir.
Suwasty dünýäniň gyzykly we syrly ýaşaýjysy bolan pufferfish balygynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem şar ýaly «çişmek» ukybynyň barlygydyr. Haçan-da bu balyk howp astynda galanda, balygyň garyn boşlugynda ýerleşen «haltalar» suw bilen doldurylýar. Göçme manyda aýdanymyzda balyk ullakan şara öwrülýär. Howp geçenden soň, pufferfish haltalarynda toplan suwlaryny daşky gurşawdaky suwa çykarýar we suw giňişliginde arkaýyn ýüzmegi dowam etdirýär. Eger çişirilen pufferfishi tutup, ony kenara çekseň ol haltalaryndaky suwlary ölýänçä daşky gurşawa çykarmaz. Bu owadan hem-de täsin balygyň zäherlidigini alamatlandyrýan derisinde garamtyl menekleri görmek bolar. Daşyndan göräýmäge rezinden ýasalan ýumşak oýnawaja meňzeş bolan balyk adamlar üçin iň howply balyklaryň biri hasaplanýar, sebäbi bu ýyrtyjynyň bedeninde sanlyja sekuntyň dowamynda adamy öldürip bilýän gaty köp zäherli maddalary bardyr. Ýaponiýada pufferfish eti iň möhüm tagamlardan biri hasaplanýar. Bu balygyň eti ýörite aşpezler tarapyndan seljerilip bişirilýär. Pufferfish owadanlygy bilen halk köpçüliginiň ünsüni çeken balyklaryň biridir.
Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.