logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Plastmassa önümlerinde 4200-den gowrak zäherli himiki maddalar ýüze çykaryldy
  20.03.2024
880
Plastmassa önümlerinde 4200-den gowrak zäherli himiki maddalar ýüze çykaryldy

Plastmassa önümlerinde 16 müňden gowrak himiki maddanyň sanawyny düzen alymlar, olaryň 4000-den gowragynyň adam saglygy we daşky gurşaw üçin howplydygyny anykladylar.

 

Gözlegçiler bir ýyllap gözleg hasabatlaryny gözden geçirip, plastmassada ulanylýan himiki serişdeleri daşky gurşawa we saglyga ýetirýän täsirlerine görä böldüler. Topar bu maglumatlaryň, plastmassanyň ulanylmagyny çäklendirmek üçin hökümetiň düzgünleri we halkara gepleşikleri üçin maglumat berjekdigine umyt edýär.

 

Gözlegçiler hasabatda kesgitlenen himiki maddalaryň 400-den gowragynyň azyk gaplamasy ýaly ähli esasy plastmassa önümlerinde bardygyny we synagdan geçen plastmassalaryň hemmesiniň daşky gurşawa howply himiki maddalaryň syzýandygyny aýdýarlar. 

 

Käbir plastmassa önümleri düwnük we immun ulgamynyň problemalaryny ýokarlandyrýar. Gözlegçiler munuň esasy sebäbiniň, plastmassa pudagynyň eýeçilik maglumatlaryny paýlaşmazlygydygyny aýdýarlar. Plastmassadaky himiki maddalaryň müňe golaýy Stokgolmyň hemişelik organiki hapalaýjy maddalar konwensiýasy ýaly global şertnamalar bilen düzgünleşdirilse-de, müňlerçe adam tarapyndan ulanmak talaba laýyk hasaplanmaýar.

 

Kerim MUSAIPGULYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.