Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Elektron söwda ulgamy - bazar hojalygynyň täze görnüşi ✦ ✦ Maglumat jemgyýetiniň strategiki ugurlary ✦ ✦ Dünýä logistikasynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sanly tehnologiýanyň daşary ýurt dillerini öwrenmekde ähmiýeti ✦ ✦ Nebit-gaz ulgamy ösüşlere beslenýär ✦ ✦ Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanda bank hyzmatlarynyň sanly görnüşleri ✦ ✦ Ýeriň daşynda magnit meýdanynyň täsiri güýçlenýär ✦ ✦ Dünýä 6G ulgamyna geçýär ✦
Baş sahypa / Syýasat /Parahatçylygyň, dostlugyň we durnukly ösüşiň diplomatiýasy
  07.12.2023
186
Parahatçylygyň, dostlugyň we durnukly ösüşiň diplomatiýasy

Bitaraplyk – munuň özi milletiň ähli içerki ruhy durmuşynyň, ýaş döwletiň daşary syýasat ugrunyň tebigy we kanuny ösüşidir, şol ugur bolsa halkara syýasy gatnaşyklarynda öz ornuna düşünmegi türkmen halkynyň daşarky dünýä bilen gatnaşyklar baradaky taryhy däplerini birbitewi birleşdirdi. Türkmenler owalda-ahyrda belent adamkärçilik sypatlaryny tug edinip, goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup gelipdir. Dünýä döwletleriniň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak, abraýly halkara guramalaryna agza bolmak bilen Türkmenistan döwletiniň parahatçylykly mizemez ebedi daşary syýasatynynň kemala gelendigini ykrar edýän, ikinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýa gaýtadan tassyklandy.

 

 

1993-nji ýylyň dekabr aýynda GDA döwletleriniň baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygynda birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyk babatdaky meselelere seredildi. 1995-nji ýylda Kolumbiýada geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň forumynda hem türkmen döwleti tarapyndan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak babatda  oňyn pikirler orta atyldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň konseptual esaslary takyk kesgitlendi.

 

 

Bitaraplyk düşünjesine etimologik taýdan kesgitleme berlende, «ol hem däl, bu hem däl» manyny aňladýan gadymy latyn sözi bolan «neuter» ýa-da grek sözi bolan «neutral» adalgalary ulanylýar. Syýasy babatda bolsa onuň manysy has giňdir. Bitaraplygyň dürli görnüşleri bolmak bilen olaryň iň ýokary derejesi hemişelik Bitaraplykdyr. Bitaraplyk syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatyndaky maksatlaryna we ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda bitaraplyga hormat goýmaklyk Milletler Birleşiginde ileri tutulýan garaýyşlaryň biri bolup durýar.

 

 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ynamly hereket edýän mehanizm bolup, ol halkara hukugynyň we diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleriniň düýpli sazlaşygyny emele getirdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitarap ýurt hökmünde halkara hyzmatdaşlygyny bekitmek maksady bilen, giň möçberli başlangyçlary durmuşa geçirýär.

 

 

28 ýyl taryh üçin uly möhlet bolmasa-da, şol ýyllaryň dowamynda döwletimiziň daşary syýasatynda gazananüstünlikleri, ýeten derejeleri Bitaraplygymyzyň döreden mümkinçilikleri, eçilen miweleri hakynda söhbet etmek, kalbyňy joşdurýar. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynda gazanan uly ýeňşi, dowamata dowamlydygy bilen şöhratlydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza bahasyz gymmatlyk hökmünde garalýar. 

 

 

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň daşary syýasatynda möhüm diplomatik tejribe hökmünde öňüni alyş diplomatiýasy üns merkezinde saklanýar. Şunuň bilen baglylykda ýokarda agzalan Konsepsiýada bitaraplyk syýasatynyň, şol sanda araçylyk, oňyn hyzmatlar, gepleşikler, ýörite wekilleriň wekilçiligi, resmi däl geňeşmeler ýaly, parahatçylyk döredijilik we ösüş ulgamynda maksada gönükdirilen çäreleriň öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylyşynyň ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilendiginiň nygtalmagy-da ýöne ýerden däldir. Haýsy asyr, haýsy zaman — parhy ýok, adamlar mydama parahat durmuşy isläpdirler, parahat durmuş halklara rahatlyk hem ösüş, bagt hem eşret eçilipdir. Hemişelik Bitaraplygyň maksady, asyl ýörelgesi hem şundadyr.

 

 

Döwletýar ARÇAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
talyby.