Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşleriň açary ✦ ✦ Tejen etrabynda “Akyldaryň şahyrana dünýäsi” atly bäsleşik geçirildi ✦ ✦ Täsirli geçen duşuşyk ✦ ✦ Gahryman gerçekleriň hormatlap! ✦ ✦ Aýdym-saz – ähli nesilleriň göwün ganaty ✦ ✦ Ylym-bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy ✦ ✦ Marguş - gadymyýetiň merkezi ojagy ✦ ✦ «Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirildi ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Owadan bahara çalymdaş bägüller
  20.03.2023
1642
Owadan bahara çalymdaş bägüller

Ajaýyp bahar paslynyň gelmegi giň dünýämizi gül-gülälekleriň bark urýan ysy, ajaýyp gözelligi bilen bezeýär. Bir-birinden owadan güller tebigatyň gelşigine görk goşýar. Şeýle gülleriň biri-de, köpleriň halaýan güli bolan bägüldir. Ol planetanyň iň owadan güllerinden biridir. Aslynda, özüne sowgat berlen bägülli çemenine seredip, ýylgyrmaýan ýekeje zenan ýa-da gyz-gelin ýok bolsa gerek! «Gülleriň şasy» hasaplanýan bägül hakynda täsirli maglumatlara seredip geçeliň:  

- Bägül ABŞ, Eýran we Angliýanyň milli gülüdir.

- Tebigy bägül ýagy dünýädäki iň gymmat ýaglardan biridir. Käbir sebitlerde ol altyn we platinden hem has gymmatlydyr. Bir kilogram bägül ýagyny almak üçin üç tonna gül ýapragy gerek bolýar.

- Söýgüliler gününde satylýan iň köp gül bägül bolup, şonda ortaça üç million töweregi satylýar.

- Bägülüň ysyny yzygiderli alýan adam mylaýym we rahat bolýar. Bu çyndanam şeýle, käbir ýerlerde şähdiňi açmak üçin bägülli ysly tütetgi ýakylýar. Bägülüň hoşboý ysyny yzygiderli alýanlar has hoşniýetli häsiýete eýe bolýarlar.

- Meşhur ýazyjy W.Şekspir hem öz eserlerinde bägülleri 50 gezek belläp geçipdir.

- Dünýädäki iň kiçijik bägül tüwiniň dänesiniň ululygyndadyr.

- Dünýädäki iň gadymy bägül Germaniýada bir zawodyň golaýynda ösýär. Ol gyrymsy bolup, ýerleşýän binasynyň üçegine ýetdi. Bu gülüň ýaşy 1000 ýyl töweregi. Uruş ýyllarynda zawod zaýalandy, ýöne ol bägül ýene-de saklanyp galan kökünden gögerip çykdy.

- Ýabany bägül miwelerinde limondan has köp C witamini bardyr. Ondan derman taýýarlanylmagy saglygy gowulaşdyrmak üçin täsirli serişdedir.

- Ýaponlar bägülüň «Hameleon» diýen iň owadan görnüşlerinden birini döretdiler. Gündizine ol gül açyk gyzyl reňkde, gijesine bolsa ak reňk bilen boýalýar.

- Bägülüň käbir görnüşlerinden mürepbe taýýarlanylýar.

- Aslynda bägülüň täsin reňkli görnüşleri seleksionerler tarapyndan däl-de, himikler tarapyndan döredildi.

- Bägül ýagy zenanlaryň atyr önümleriniň düzüminiň 98% -ne we erkekleriň atyrlarynyň bolsa 48% -ne girýär.

- Gadymy döwürde rimliler ilkinji bolup gyrymsy bägülleri ösdürip ýetişdiripdirler, gadymy rim eserlerde 10-dan gowrak dürli görnüşleri beýan edilipdir. Mysal üçin, rimliler durmuşa çykýanlara gülgüne bägül dakypdyrlar we imperatorlar toýlarda gül şerbetini içipdirler.

- Bägülüň hoşboý ysy iň güýçli antidepressantlardan biridir.

- Bägül toý-dabaralarynyň möhüm aýratynlygydyr. Däp bolşy ýaly, arassalygy, bakylygy, söýgi duýgusyny we yhlasy alamatlandyrýan ak, gyzyl bägüller köp ulanylýar.

- Meşhur Konfusiýniň kolleksiýalarynda hem bägülleriň takmynan 600 tomy bar.

- Ak bägüller arassa duýgulary, päkligi alamatlandyrýar.

- Bolgariýada maý aýynda her ýyl bu gülüň hormatyna festiwal geçirilýär, bu ýerde bägül bagtyň nyşany hasaplanylýar. 

 

Jemal DÖWLETOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.