logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Economics /Ösüşli sepgitlere beslenýän kuwwatly pudak
  12.06.2023
605
Ösüşli sepgitlere beslenýän kuwwatly pudak

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň ösüşli günlerinde eziz ýurdumyz belent sepgitler bilen rowana ýollarda öňe barýar, hemmetaraplaýyn ösüşe beslenýär. Häzirki wagtda oňyn netijelere eýe bolýan elektrik energetika ulgamy diňe bir içerki sarp edijileriň islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem goňşy döwletlere elektrik energiýasy hem eksport edilýär. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň ulanylmagyny ýaýbaňlandyrmak bilen bagly wezipeler üstünlikli çözülýär we howanyň üýtgemeginiň hem-de daşky gurşawa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak ýaly meselelere hem üns gönükdirilýär. Soňky ýyllarda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň görnüşlerini gaýtadan peýdalanmagyň gerimini giňeltmek, energiýany tygşytlaýjy we innowasiýa tehnologiýalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de durmuşa ornaşdyrmagyň esasynda ygtybarlylygyny üpjün etmek maksady bilen uly işler ýola goýulýar. Bu babatda Türkmenistan ýurdumyz 2018-nji ýylda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň agzalygyna kabul edildi. Onuň çäklerinde daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa, kämil, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň eksport kuwwatyny artdyrmak, ilaty arassa energiýa bilen üpjün etmek, senagaty ösdürmek arkaly durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda degişli maksatnamalar tassyklanyldy.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerini öwrenmek, ylmy-tehniki barlaglary döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek maksady bilen, bular boýunça ylmy-barlag işleri talabalaýyk alnyp barylýar.

Ýurdumyzda bu babatda döredilýän şertler energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerini ösdürmäge giň mümkinçilikleri berýär. Bu bolsa energiýa üpjünçiligini gowulandyrmaga we zyýanly gazlaryň tebigy gurşawa zyňylmagyny azaltmaga ýardam berýär, innowasion, ösen ykdysadyýetiň kuwwatyny pugtalandyrýar. Munuň özi bolsa, Türkmenistan ýurdumyzyň energetika ulgamynda möhüm ylmy-tehnologik ugurlaryň, ylmy gözlegleriň hil taýdan täze derejesini döretmäge, «ýaşyl» ykdysadyýete esaslanýan kämil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, innowasion senagaty has hem ösdürmäge täze-täze mümkinçilikleri berýär. Şeýle il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumlary bilen ata ýurdumyzy gülledip ösdürýän hormatly Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys! 

 

Jemşit MYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 1-nji ýyl talyby.