Bagtyýarlyk nurundan, berkararlyk ýalkymyndan, erkanalyk kuýaşyndan nurlanýan eziz Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, himiýa, nebitgaz, ýangyç energetika, dokma, söwda, medeniýet, ylym-bilim we beýleki ulgamlary uly ösüşlere eýe bolýar. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň ähli künjekleri abadanlaşdyrylyp, durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly görnüşe getirildi. Ýurdumyzda Hazar deňziniň gurşawyny we biologik dürlüligini goramak we öwrenmek boýunça işler geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň günbatar bölegini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, onuň uglewodorod we beýleki serişdelerini özleşdirmegiň, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini amala aşyrmagyň, bu ýerde iri himiýa senagatyny, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalary, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda desgalary gurmagyň meýilnamalaryny nazara alanyňda, ylmy-tejribe taýdan ähmiýetlidir. Şeýle-de ýurdumyzda himiýa senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça ýyl-ýyldan yzygiderli çäreler durmuşa geçirýär. Pudagy döwrebaplaşdyrmak, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri bilen baglylykda, ykdysadyýetiň bu pudagynyň köpugurly döwrebap düzümlerini döretmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli çärelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyz bu ulgamda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak bilen, daşky gurşawy goramak meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Hut şonuň üçin-de serişde tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap obalary we senagat toplumlaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel energiýasyny ulanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça innowasion taslamalar işlenip taýýarlanylýar. Ýerli çig mal serişdeleri esasynda taýýarlanýan gurluşyk materiallaryň düzümi, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan orta we inçe süýümli gowaçanyň täze görnüşlerini döretmek boýunça işläp taýýarlamalar, başga-da birnäçe serişdeler dürli ugurlardaky tejribede giňden ulanylýar. Türkmenistanyň taryhyny we medeniýetini, şol sanda etnografiýany, arheologiýany, halkymyzyň baý ruhy mirasyny, ýurdumyzyň ajaýyp tebigy künjeklerini gorap saklamak we öwrenmek boýunça ägirt hem uly işler alnyp barylýar. Ylym we bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim mümkinçiliklerini meýilnamalaýyn esasda berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar. Milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýokary hünärli, maksada okgunly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň edilýändigi buýsandyrýar. Watanymyzyň ykbaly, häzirki we geljek nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda giňden tagallalar edýän döwlet Baştutanymyzyň häzirki döwürde öňe sürýän başlangyçlary milletiň ylym-bilim mümkinçiliklerini has doly amala aşyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Munuň özi ýaşlaryň ylmy-tehniki ýörelgeleriň okgunly ösüşine, bar bolan ähli mümkinçilikleri amal etmeklige işjeň goşulyşmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Aknur BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.