Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda türkmen halkynyň baý taryhyndan söz açýan täsirli maglumatlar beýan edilýär. Türkmen halkynda bina gurmagyň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele alan meşhur ussalaryň nesilleri ýaşapdyr. Olaryň döreden ajaýyp sungatynyň biri-de, XV asyrda bina edilen, Temiriler döwrüniň naýbaşy ýadygärliklerniň biri Seýit Jemaleddin binagärlik toplumydyr. Bu ýadygärligiň esasy gyzyklandyrýan zatlaryň biri bolsa, binägarlik toplumdaky metjidiň girelgesiniň ýüzüne şekillendirilen iki aždarhalaryň şekili bolup durýar. Henize çenli syry çözilmedik aždarhalaryň şekili, bu ýadygärligiň gymmatyny has-da artdyrýar.
Seýit Jemaleddin ýadygärlik toplumy özüniň binagärçilik çeperçiligi bilen taryhda uly yz goýdy. Gündogarşynas arheolog A.A.Semýonow metjidiň gysgaça beýany teswirläp, 1905-nji ýylda Moskwada neşir edilen «Rus sözi» atly gazetde çap edilen «Gözellik öýüniň medeniýeti» atly makalasynda onuň häsiýetli aýratynlyklaryny beýan edip şeýle ýazypdyr: «Uzaklardan seleňläp görünýän Änew ýadygärlikleri nazarynda baky galyp, bilesigelijiligiňi artdyrýar. Ýadygärlikler toplumynyň dünýäsine aralaşanyňda, türkmenleriň ata-babalarynyň gudratyna haýran galýarsyň».
Seýit Jemaleddin metjidiniň binagärçilik sungaty özboluşlydyr. Girelgäniň ýokarsyndaky gönüburçlukda garamtyl-gök reňkde Abyl-Kasym Babyryň soltanlyk eden ýyllarynda gurluşygyň amala aşyrylandygyny habar berýän arap ýazgysy ýer-leşdirlipdir. Onuň aşaky bölegi dürli-dürli reňkler ulanylyp, örän ussatlyk bilen ýerine ýetirilen bezegler bilen bezelip, ol ýere syrçaly nagyş düzümlerinden düzülen bir-birine simmetrik ýerleşdirilen iki sany towlanyp duran aždarhanyň şekili ýerleşdirilipdir. Esasy girelgäniň içki aýlawly örümiň öň tarapy bir-birine çalşyryp gelýän uly möçberli dogry we süýndürilen altyburçluklar gurşaýar, olaryň daşy gök reňkli syrçaly çyzyk bilen aýlanýar. Aýlawly örümiň aşaky bölegiň iç tarapynda iki gapdalynda dikligine gök reňkiň ýüzüne ak harplar bilen «nashi» ýazgysy ýazylypdyr.
Metjidiň girelgesiniň bezeginiň bütewi görnüşiniň umumy reňki garamtyl-mawy sowuk äheňli ýagdaýda bolup, aždarhalaryň açylyp duran agzyndan gözbaş alýan biri beýlekisine çyrmaşyp gidýän ösümlikleriň baldaklarynyň ýaşyl we mawy reňkli okgunly çylgymlary, daşyna ak gaýma çekilen hem-de garamtyl-badam öwüşgünli ýiti burçly uly ýapraklar, ortasy garamltyl menek-menek ak güljagazlar seretdigiňçe barha duralyp barýan reňkleriň özara sazlaşygyndan hiç haçan gaýtalanmajak ajaýyp bir mukamy emele getirýär. Dört aýakly we bäş barmakly penjelerine daýanyp duran ýylan görnüşli, eýmenç kelleli iki aždarhanyň şekili syrçalanan keramika bölejiklerinden ussatlyk bilen düzülipdir. Olaryň büdür-südür teňňeli endamy töweregi garamtyl-badam reňkler bilen aýlanan ak tegmillerden ybaratdyr. Aždarhalaryň ikisiniňem tutuş göwresiniň endamy, aýaklary, penjeleri, guýrugy ak zolak bilen jäheklenip, onuň üstünden arkasyndaky diş-diş gerşi ýatgy sary reňkde suratlandyrylypdyr. Şeýle ýatgy sary reňkler bilen aýaklarynyň göwresine sepleşýän käbir ýerlerinde çyzyklar çekilipdir. Köp halklaryň rowaýatlarynda, ertekilerinde ýylanlaryň uzak ýaşap aždarhalara öwrülişi, olaryň genji-hazynalaryň goragçysy bolmagy we şuňa meňzeş geň enaýy wakalar gürrüň berilýär. Bu barada halkymyzyň arasynda şeýle nakylyň bolmagy hem ýöne ýerden däldir «Ýylan ýüz ýaşasa – aždarha, müň ýaşasa – ýuwha».
Milli Liderimiz halkyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, milletiň taryhy-medeni baýlygyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň möhüm ugruny düzýär diýip nygtaýar. Beýik işleriň gözbaşynda durup, halkymyzyň milli mirasyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby.