Türkmenistan Watanymyzda Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda milli ykdysadyýetimiziň netijeli ösdürilmegi bilen eziz ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha berkidilýär. Häzirki wagtda döwletimizde maýa goýum syýasatyny, kiçi we orta telekeçiligi goldamak syýasatyny ýaýbaňlandyrmak bilen bagly wezipeler üstünlikli çözülýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça esasy wezipeler kesgitlenildi. Maksatnamada şeýle hem ýurdumyzy şu ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň garaşylýan netijeleri getirilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işini işjeňleşdirmäge aýratyn üns berýändigini nygtamak möhümdir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek bu ugurda esasy wezipeleriň biri hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän senagat pudaklaryny okgunly ösdürmek üçin gönükdirilýän maýa serişdeleriniň möçberi artýar, daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberi hem görnüşleri ep-esli köpelýär. Türkmenistan diýarymyzda durnukly ykdysady ösüşiň baş şertleriniň biri hökmünde hünär bilimine uly ähmiýet berilmegi hem onuň ykdysady ösüşi höweslendirmäge ýardam berýän şertleriň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygy bilen kepillendirilýär. Şoňa görä-de, ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak işleri hem ykdysady strategiýany amala aşyrmagyň çäklerinde utgaşykly alnyp barylýar. Häzirki zaman dünýäsinde ähli ýurtlaryň halkara bazara birleşmegi netijesinde dünýä bäsdeşligi ýitileşýär. Türkmenistanda pudaklaýyn we düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmak, işjeň maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek arkaly bäsdeşlige ukyply, ýokary netijeli maýa goýum ulgamyny döretmek resminamada esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Halkara standartlara laýyklykda, ýurdumyzyň kärhanalaryny tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar. Munuň özi zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň maliýe çeşmelerini kämilleşdirmek, hususy kärhanalary dürli işlere çekmegi ýola goýmak, maýa goýumlaryň ykdysady taýdan netijeliligini üpjün etmek boýunça anyk işler meýilleşdirildi. Bu bolsa täze desgalary gurmaga, önümçilikleri giňeltmäge, kärhanalaryň durkuny täzelemäge, olary tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga, maýa goýumlaryň tehnologik we sebit düzümini döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda daşary ýurt maýa serişdeleri bilen bir hatarda, has ähmiýetli ulgamlarda türkmen telekeçileriniň maýa goýum serişdelerini ulanmak göz öňünde tutulýar. Bu asylly çäreler bolsa Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanyna şan, badyna bat goşýar!
Aýgül ÇERKEZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.