Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Öňe, öňe diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!
  07.03.2020
1916
Öňe, öňe diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiz esasynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň, şol sanda ýaşlaryň bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Gülläp ösýän Watanymyzda bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, umuman, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan anyk özgertmeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, şeýle hem ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek üçin mundan beýläk-de örän oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy we saýlap alan hünäri boýunça kämilleşmegi ugrunda döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti uly bolup, ýurduň geljekki ösüşi şol syýasat bilen aýrylmaz baglydyr. Bu ugurda bagtyýar döwletimizde ylmy barlaglar bilen meşgul bolýan ýaş raýatlary goldamak, ylmy-barlag institutlarynyň düzüminde ýaşlaryň ylmy gurnaklaryny we geňeşlerini döretmek, ýaşlaryň kompýuter we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak, öwrenen bilimlerini ylym-bilim ulgamynda giňden ulanmaga çekmek boýunça işleriň gerimini giňeltmek, telekeçilige goldaw bermek, ýaşlary durmuş taýdan goldamak ýaly işler we ylym-bilim, zehin babatda kämilleşmegi, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirýär. Başgaça aýtsak, ylym we bilim adamzadyň ähli ösüş-özgerişleriniň esasyny düzýän, islendik ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýän gymmatlykdyr. Aslynda, ýaşlaryň ylym-bilimi babatda döwrüň öňe çykaran ilkinji zerurlygy nämede?! Bu, ilkinji nobatda, sanly ulgamlar — sanly ykdysadyýet we sanly bilim bilen baglydyr. Ýurdumyzda gadymy döwürlerden bäri ýaşlara Watanyň daýanjy, ýurduň ösüşiniň esasy sütünleriniň biri hökmünde garapdyrlar. Bu bolsa ata-babalarymyzyň taryhy asyrlara uzaýan ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ýörelgelere täzeçe öwüşgin çaýylýar. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň zehinini kämilleşdirmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär. Olaryň ussatlygyny ýüze çykarmak, saýlap alan hünäri boýunça kämilligini gazanmak, dünýä derejesinde tejribe toplamak ýurdymyzyň esasy aladasy bolup durýar.