Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bedew — türkmen halkynyň ganaty, döwrüň şygarynyň nyşany ✦ ✦ «Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Kubogyny gazandy ✦ ✦ Agrobiotehnologiýa ugrunda halkara okuw sapary geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen Özbegistanyň farm-tehnologiýalar ulgamynda strategik hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Bilim ulgamynda sanly we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan festiwal geçirildi. ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda taryhy özgertmeler amala aşyryldy ✦ ✦ Energetika we ulag boýunça möhüm Kararnamalar kabul edildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi hoşallyk döredýär ✦ ✦ Türkmen talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Okuwçylary hünäre ugrukdyrmak
  12.11.2020
2197
Okuwçylary hünäre ugrukdyrmak

   Bu döwür irki ýaşlyk döwri diýlip hem atlandyrylýar. Bu ýaşdaky okuwçylar saýlap alan ugry boýunça özbaşdak pikir ýöretmek, ol ugurdan gyzyklanmasyny kanagatlandyrmak üçin hereket edip başlaýar. Orta mekdeplere täze dersleriň girizilmegi bilen bir hatarda, mekdepde okuwçylaryň meýillerine we ukyplaryna laýyklykda bilim ulgamy üçin, ýokary synp okuwçylarynyň saýlap alan ugurlary boýunça bilimleri çuňlaşdyrylýar. Bu usulyň girizilmegi ýokary synp okuwçylarynyň özlerine kesp-kär saýlamak mümkinçiliklerini giňeltdi hem-de olaryň saýlap alan kärine, hünärine degişli bilim derejesini kämilleşdirmegine giň ýol açdy. Irki ýaşlyk döwründe okuwçylar ýetginjegiňki ýaly hünär geýimlerine üns bermän, hünär saýlanlarynda aňly-düşünjeli pikirlenme esasynda saýlaýarlar. Okuwçylar bir-birinden diňe hyjuwy (temperamenti), häsiýeti boýunça tapawutlanman, eýsem durmuşa okgunlylygy, hünäre bolan gyzyklanmalary bilen hem tapawutlanýarlar. Ýaş ýetginjekleriň hünär saýlamaklygyny okuw gyzyklanmalary kesgitleýän bolsa, onda uly ýaşly mekdep okuwçylarynyň hünär saýlamaklygy okuwa bolan höwesiň kemala gelmegine ýardam edýär.

Şeýlelik-de, olar saýlap alan hünäri bilen bagly dersi uly gyzyklanma bilen öwrenip başlaýarlar. Hünär saýlamak okuwça okuw işine bolan garaýşyny üýtgetmeklige ýardam edýär. Bu bolsa okuwçylaryň hünäriň psihologik häsiýetnamasy bilen tanyşmagyna oňaýly şert döredýär. Olar dürli hünärlerde talap edilýän adamyň ünsüni, syn etmegini, pikirlenişini, erkini, häsiýetini hem-de beýleki psihologik aýratynlyklaryny ýüze çykarmaly bolýarlar.

   Görşümiz ýaly, mekdep döwründäki okuwçylaryň kesp-käre, hünäre bolan ukyp-başarnyklary, pikirdir garaýyşlary dürlüligi bilen tapawutlanýar. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta we ýörite orta mekdeplerinde ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryna, häsiýetine, mümkinçiligine görä hünär saýlamaklary üçin zerur şertler döredilýär. Türkmen ýaşlarynyň öňünde durmuş meýillerini amala aşyrmak babatynda giň mümkinçilikler açylýar.