logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Interesting /Oklukirpi palmasy
  23.04.2022
993
Oklukirpi palmasy

  Rhapidophyllum hystrix palmanyň dünýäde iň sowuga çydamly we şonuň bilen birlikde köp görnüşli  Rhapidophyllum maşgalasynyň ýeke-täk wekilidir.Tebigatda ol ABŞ-nyň günorta-gündogaryndaky batgalyklarda duş gelýär.Bu palmany sowuga çydamlylygy we  -200 C -a çenli aýaza çydamlylygy sebäpli daşky tebigy şertlerde-de ösdürip bolýar.Onuň ýene-de  gowy aýratynlykly taraplary bu palmanyň boýy gaty uzyn däl (1-3metr)şeýle-de  özüne çekiji gür tikenli gabara eýedir.Agajyň türkmen dilindäki ady oklukirpi palmasy latyn dilindäki Rhapidophyllum-“iňňeli ýapraklar”,  hystrix-“oklukirpi” diýen sözlerden gelip çykan.Biziň şertlerimizde bu palmany ösdürip ýetişdirmek kyn däldir. Ösüş döwrüniň ilkinji üç ýylynda ýörite gaplarda diňe daşarda tomsuna ösdürmek maslahat berilýär.Gyşyna bolsa ony içerde položitel temperaturada ösdürmek amatlydyr. Üç ýyldan soň palma biziň şertlerimize doly adaptasiýa geçýär .Şonuň üçin ony üç ýyldan soň otlyk meýdanlara otyrdyp bilersiňiz.Beýleki sowuga çydamly görnüşler ýaly oňa suwy we howany gowy geçirýän toprak hem-de günorta ýapgyt meýdan gerekdir. Bu palma -280C-a çenli sowuga çydamlydyr.Gyşyna palmanyň iň uly duşmany aýaz däl-de topragyň artykmaç çyglylygydyr, bu bolsa palmanyň  kökleriniň çüýremegine getirip bilýändir.Ýaz paslynda owadan ajaýyp keşbi bilen bu palma baglaryň görküne görk goşýar. Palmanyň bu görnüşi diňe bir ýaz pasly üçin däl-de, gyş pasly üçin  hem amatly dekoratiw görnüş bolup hyzmat edip bilýär.   

TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTYNYŇ
AGROEKOLOGIÝA HÜNARINIŇ 4-NJI ÝYL TALYBY

JUMAGELDIÝEWA RUHSARA
JUMAGELDIÝEWNA