logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦ ✦ Halkara olimpiada — ýaş diplomatlaryň ukyp synagy ✦ ✦ Ýaşlaryň intellektual bäsleşigi ✦ ✦ Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦
Home / Agriculture /Oba-hojalyk pudagynda döwrebap “ýaşyl” tehnologiýalaryň ornaşdyrylýar
  15.09.2023
824
Oba-hojalyk pudagynda döwrebap “ýaşyl” tehnologiýalaryň ornaşdyrylýar

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen birlikde, oba hojalyk pudagyny milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagyna öwürmekde Hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly üns berilýär. Seçgiçi alymlar ekerançylyga dürli ekinleriň ýokary hasylly täze görnüşlerini yzygiderli ornaşdyrýarlar.

 

Türkmen halkymyz bereketli topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän azyklyk bugdaý bilen doly derejede üpjün edilýär. Türkmen alymlary bugdaýyň täze görnüşlerini döretmek boýunça guwandyryjy işleriň ençemesini alyp barýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen önümler dünýäniň dürli künjeklerine eksport edilýär, dünýä bazarlarynda pagta süýümi, goýnuň, geçiniň, düýäniň ýüňi, buýan köki, beýleki oba hojalyk ömümleri ýokary hil derejesi, bäsdeşlige ukyplylygy bilen uly islegden peýdalanýar.

 

Mundan başga-da, ýurdumyzyň telekeçileri oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer alyp, oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny almak ugrunda yhlas edýärler. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar, ýyladyşhanalar, obasenagat toplumlary döredilýär.

 

Azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça kesgitlenen möhüm wezipeler oba hojalyk pudagynyň ösdürilmeginde ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, sanly tehnologiýalary, suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň täze usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilendir.  Bular bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklar gazanylýar, pudaga zyýanly bolan metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça görülýän çärelere hem möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamyny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Häzirki akylly tehnologiýalaryň ösýän döwründe pudakda döwrebap “ýaşyl” tehnologiýalaryň giňişleýin ornaşdyrylmagy möhüm şert bolup çykyş edýär.

 

Ekologiýa abadançylygyny amal etmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde bilim we ylym ulgamynyň ähmiýeti hem uly bolup durýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara ekologik terbiýe bermek, ony okatmak boýunça usulyýetleriň aýratynlyklary we bu ugurda tejribeler geçirilýär, pudagy mundan beýläk hem ösdürmegiň täzeçil usullary öwredilýär.

 

Öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmagyň ekologik taraplary babatda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ähmiýetini nygtamak zerurdyr. Gaýtalanmajak bu gidrotehniki toplum diňe bir Garagum sährasynyň tebigy gurşawyna däl-de, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyna özüniň oňyn täsirini ýetirip, möhüm durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge, şol sanda, suw we ýer serişdelerini netijeli ulanmaga, çöl ýerlerini özleşdirmäge, öri meýdanlaryny artdyrmaga, maldarçylygy, ekerançylygy ösdürmäge amatly şertleri döredýär.

 

Oba hojalyk toplumyny ösdürmek, tebigaty goramak bilen bagly alnyp barylýan işleriň, tebigy serişdeleriň rejeli ulanylmagy we daşky gurşawyň goralmagy babatda ekologik taýdan ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oňyn özgerişlere ýol açýar.

 

 

Merjen AŞYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agrohimiýa we topragy öwreniş
hünäriniň 5-nji ýyl talyby.