Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisi geçiriler ✦ ✦ “Gilgameş” spektaklynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy ✦ ✦ Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmek boýunça maksatnama kabul edildi ✦ ✦ Bäherden etrabynyň hassahanasyna täze medisina enjamlary sowgat berildi ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda "Çalsana bagşy" bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi ✦ ✦ Saud Arabystan Türkmenistana 25 tonna hurmany sowgat hökmünde ugratdy ✦ ✦ Sahara çöli birwagtlar çygly mesgen bolupdyr ✦ ✦ Ýurdumyzda biotehnologiýany ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy ✦ ✦ Mikroskopik oňurgasyzlaryň ýaýraýşynyň syryny açdylar ✦ ✦ Tejen etrabynda Watan gahrymanlary ýatlanyldy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Oba hojalygynda awtomatiki ulgamlaryň ornaşdyrylmagy
  28.11.2022
743
Oba hojalygynda awtomatiki ulgamlaryň ornaşdyrylmagy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ylmyň soňky gazananlaryny, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen ýokary netijeler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan oba hojalyk ulgamynda öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, onuň möçberini artdyrmak arkaly azyk bolçulygyny üpjün etmek Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Häzirki wagtda oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek we pudagy awtomatlaşdyrmak, önümçilige täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak giň gerimde alnyp barylýar. Dünýä ylmynyň soňky gazananlary bolan täze tehnologiýalary, akylly enjamlary ornaşdyrmak bilen önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmak öndürijiligi ep-esli derejede ýokarlandyrýar, zähmet şertlerini gowulandyrýar, agyr fiziki zähmeti azaldyp, önümiň özüne düşýän gymmatyny hem belli bir derejede peseldýär. Önümçiligi awtomatik usulda dolandyrmak onuň tehniki serişdeleriniň üsti bilen amala aşyrylýar. Şol nukdaýnazardan hem bu ugurda bilim alýan ýaşlara, zähmet çekýän ýaş hünärmenlere awtomatlaşdyrmaklygy öwretmek döwrüň talaby bolup durýar. Oba hojalygynyň möhüm ugurlary bolan ekerançylykda, maldarçylykda, guşçulykda, oba hojalyk önümlerini saklamakda we daşamakda işleri awtomatlaşdyrmak boýunça oňyn netijeler gazanylýar.

Ekerançylykda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasynda himiki serişdelerden peýdalanmaklygy azaldyp, ekologiki taýdan arassa, innowasion tehnologiýalary netijeli ulanmak arkaly hasyllylygy ýokarlandyrmakda dünýäniň ösen döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Ylmyň ösmegi bilen onuň soňky açyşlary oba hojalygynyň dürli pudaklarynda ulanylmaga başlandy. Muňa mysal hökmünde, tohumçylykda kwant generatorlaryny ulanyp, dürli ululykly elektromagnit tolkunlar bilen tohumlary saklamakda dezinfisirleýji, ekişden öňki stimulirleýji çäreleriň geçirilmegini aýdyp bileris. Häzirki wagtda dünýäniň köp döwletlerinde diýen ýaly howanyň, topragyň, suwuň hapalanmagynyň öňüni almak babatda birnäçe ylmy-barlaglar, gözegçilikler, ylmy seljermeler alnyp barylmak bilen, onuň netijeli usullaryny önümçilige ornaşdyrmak işleri hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu bolsa oba hojalygyny doly derejede awtomatlaşdyrmak arkaly oňyn netijeleri gazanyp boljakdygyndan habar berýär. Biz hem, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolan oba hojalyk pudagyny ösüşiň täze belentliklerine ýetirmekde beýik başlangyçlary alyp barýan Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

 

Nurmuhammet MUHAMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň öwreniji mugallymy.