logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Agriculture /OBA HOJALYGY TÄZE EÝÝAMYŇ ÖSÜŞLI ÝOLUNDA
  19.12.2022
790
OBA HOJALYGY TÄZE EÝÝAMYŇ ÖSÜŞLI ÝOLUNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň bol hasylly topragy edermen hem zähmetkeş halkymyza datly miwelerini bolluk bilen eçilýär. Ata-babalarymyzyň şöhratly daýhançylyk däplerini, onuň usullaryny, inçe tärlerini dowam etdirip, ony häzirki zaman ekerançylyk ylmy bilen utgaşykly alyp barmaklyk boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyz geoykdysady taýdan amatly sebitde ýerleşmegi oba hojalyk pudagynda möhüm bolan möwsümleýin klimatiki şertleriň bardygyny alamatlandyrýar. Topraga örküni baglap, ýerden bereket tapmagyň rysgaldygyna berk ynanýan merdana halkymyzyň oba hojalyk ulgamynda gazanýan üstünlikleri ýylsaýyn artýar. Ak bazarlarymyz ýylyň ähli paslynda topragymyzda önýän gök-bakja we beýleki miweleriň dürli görnüşleri bilen doly üpjün edilýär, eksport edilýän önümleriň görnüşi hem barha artýar. Bu bolsa ýurdumyzda telekeçilik işiniň ösýändigini, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan ýyladyşhanalary gurmaga, döretmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.  Şol nukdaýnazardan hem ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny milli ykdysadyýetimiziň iň bir girdejili, ýokary depginde ösýän pudagyna öwürmek maksady bilen onuň kanunçylyk binýady hem yzygider berkidilýär. Oba hojalyk önümleriniň we azyklyk harytlaryň hem-de çig malyň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak, ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak we oba ýerlerinde ýerleşýän ilatly ýerleri durnukly ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm esaslary kesgitlenildi.

Häzirki wagtda ýer eýeleri, edermen daýhanlar, oba zähmetkeşleri üçin döredilip berilýän mümkinçilikler sanardan diýseň kändir. Ýerleri uzak möhletleýin kärendesine almaga, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almaga we oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirilen işlerde ýeňillikli karzlardan peýdalanmaga bolan şertler telekeçi daýhanlary höweslendirmäge gönükdirilen zerur çärelerdir. Şeýle-de bu pudagyň ýokary öndürijilikli döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary bilen yzygiderli üpjün edilmegi, olar üçin tehniki hyzmatlaryň, mineral dökünleriň, ýokary hilli tohumlaryň we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi Watanymyzda oba hojalyk ulgamyny ösdürmeklige Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda döwlet tarapyndan uly üns berilýändiginiň güwänamasydyr. Döredilip berilýän şeýle giň mümkinçilikler geljekde ýurdumyzyň senagat taýdan ösen, dünýä bazarynda azyk önümlerini eksport edýän, kuwwatly ýurtlaryň hatarynda boljakdygyny kesgitleýär. 

 

Kadyr GULOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.