logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /“Nowruz” hakynda taryhy maglumatlar
  02.04.2021
1012
“Nowruz” hakynda taryhy maglumatlar

        Ýagny, taryhy Mesopatamiýanyň medeniýetiniň başyny Sümer ilaty hasaplanylýar. Olar orta aziýadan Hazar deňziniň kenarlaryndan häzirki Yragyň ýerlerine çenli ýaýrapdyrlar. Mesopatamiýanyň ilaty esasan ekerançylyk medeniýetine üns beripdir. Ekerançylykda bolsa, ekiş we ýygym wagtyna, ýagny onuň başlanýan we tamamlanýan döwrüne üns beripdirler. Şonuň üçin olar “Zigorat” ybadathanalarynda astronomiýa merkezlerini döredipdirler. Bu astronoimiýa merkezlerinde ýedi sany ýyldyzyň hereketdedigini açypdyrlar.

       Şeýle-de, bahar baýramçylygynyň Oguz han türkmen döwründe hem bellenilendigi hakyndaky birnäçe ylmy çaklamalar öňe sürülýär. Köp çeşmelerde aýdylyşyna görä, Oguz han dünýä inende, baglar gül açyp, baglar we ösümlikler al-ýaşyl öwsüp, tebigat janlanyp, ýaşyl begrese bürenipdir. Dünýä ýüzüne şowhun ýaýrap, ençeme ýyllardan soň edil şol möwsümde Oguz han duşmanlaryny ýeňip, Talas şäherinden Buhara şähere çenli aralygy eýeleýär. Şeýlelik-de, şol ýeňşiň hormatyna, her ýylyň şol güni dabaraly baýram edilip, ýörite däp-dessurlar ýerine ýetirilipdir. Aýlaryň we ýyllaryň hasaplamalary hem-de atlary Oguz türkmenleriň dilinden Ahamenileriň döwründe Günorta Eýrana, ýagny Fars ülkelere çenli ýaýrap hasaba girizilipdir. Taryhda mälim bolşy ýaly, pasyllaryň ählisi hem älem giňişligindäki ýaly planetalaryň hereket kanunlary, tebigat hadysalary bilen häsiýetlendirilip, pasyllaryň başlanýan günleri, Ýeriň, Aýyň, Günüň aýlanyş hereketlerine esaslanyp, ýylnamany döredipdirler. Horezm türkmenlerinde baharyň ýedi nygmaty diýilýän däbe aýratyn üns bermegi hem gönüden-göni Nowruz-bahar baýramy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň netijesinde hem, täze ýylyň şu pasyldan başlanýandygyny düşünipdirler.

Nowruz baýramynyň has gadymy döwürlerden saklanyp, rowaçlanyp gelmegi alym Abu Reýhan Biruna uly gyzyklanma döredipdir. Nowruz her ýeriň geografiki, tebigy şertlerine seredip, esasan bahar aýynda sähelçe wagt tapawudy bilen baýram edilipdir. Musulman halklarynyň arasynda bu bahar baýramy gadymy wagtlardan bäri Eýranda, Orta Aziýada, Kawkazda, Gazagystanda, Hindistanda, Pakistanda, Hytaýyň türki halklarynyň ýaşaýan ýerlerinde we beýleki musulman ýurtlarynda her ýyl uly şowhun bilen bellenilipdir.