Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Nowruz geldi ilime
  29.03.2021
2113
Nowruz geldi ilime

      Hawwa, bagtyýarlyk döwrüni başdan geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy toý-şatlyga, bagy-bossanlyga besläp, ýene-de ajaýyp Nowruz ülkämize dolandy. Ýazylan taryhy çeşmelere salgylansak gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagty — Nowruz aýynyň 21-i täze gün (parsça: now — täze, ruz — gün) diýen manyny aňladýar. Nowruzyň gelmegi bilen tebigat täzelenip, ene toprak rysgallylygyň eşret nury bolup ýaşaýyşa sahylyk bilen berekedini eçilýär. 

Munuň şeýledigini Magtymguly atamyz:

Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,

Ebrler awaz urup, dag kylyr duman peýda — diýip, öz goşgy setirlerinde Nowruzyň älem-jahana eçilýän nuruny, bütin dünýäni we onuň goýnundaky ösümlikleri janlandyryp, tebigaty täze keşbe getirişini çeper beýan edýär.      

Nowruz baýramy tebigatyň janlanyş hem täzeleniş baýramydyr. Zähmetkeş halkymyz Nowruz geçensoň, eline tohum alyp, bereketli topragyna tagzyma barýar. Bu baýramda desterhanlarymyz dürli naz-u-nygmatlardan doldurylýar. Garaz Nowruzyň gelmegi bilen, bütin tebigat janlanýar, daş-töwerek al-ýaşyl donun geýen dek, ýaşyl maýsalyga bürenýär. Aýazly gyşyň sowugyna başyn aşak egip, agras oturan baglar hem bahar paslynyň gelmegi bilen täsin keşbe girip, owadan gülleri bilen daş-töwerege gözellik nuruny saçýar. Baglarda guşlar hoş owazy bilen saýraşyp, tebigatyň goýnunda gaýtalanmajak gözellikleri döredýär. Nowruzda bahar çagbasyny, mawy asmandaky älemgoşary, rysgal-berekediň gözbaşy bolup ýagan ýagmyra ýuwlup, pyntyk ýaryp oturan agaçlary, al-elwan öwüsýän gülleri synlap göwnüň göterilýär.

Arzuwlaryň baýramy bolan Nowruzda tebigatyň, has dogrusy bütin ýaşaýşyň beslenen şeýle päk gözelligini synlanyňda şahyryň:

Şat guşlaň owazy, mör-möjekleriň

sesi basýar älem-jahanyň gowrun.

Gyzyl gülleň ysy sämetdi serim,

Ak gülleň aýlady kellämi, Nowruz!

 

Dag-dereler, sähra-çöller görklendi,

Ýagyşly-ýagmyrly gara gyş sowlup.

Adam ömri öz topragna örklendi,

Ömür uçup barýan ýel dälmi, Nowruz! – diýip, Nowruz barada ýazan ajaýyp setirleri seriňe dolýar.

Ata-babalarymyz Nowruz baýramyny şatlyk-şowhun bilen garşylapdyrlar. Bu baýramda at çapdyrypdyrlar, göreş tutdurupdyrlar. Gijelerine bolsa ot ýakyp, oduň daşyndan aýlanyp tans edipdirler. Mähriban gelin-gyzlarymyz bolsa läle kakypdyrlar, monjugatdylary oýnapdyrlar. Umuman Nowruz baýramy gadymdan bäri türkmenlerde aýratyn şat-şowhuna beslenip garşylanypdyr. Ajaýyp bahar paslynda bellenilýän bu baýram häzirki döwürde hem pederlerimizden gelýän şeýle ýol-ýörelgelere, urp-adatlara eýerlip, uly ruhubelentlik bilen garşylanýar.

Türkmenistan Watanymyz şu ýyl Nowruzyň halkara derejesinde baýramçylyk edilýän merkezine öwrüldi. Hut şonuň üçinde gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Halkara Nowruz baýramy dostlugyň, milli medeniýetleriň, halk däpleriniň we ynsan ýürekleriniň birleşmeginiň hakyky baýramçylygyna öwrülip, baýramçylyk bir saçaga jem bolan merdana halkymyz bilen birlikde, dünýäniň köp ýurtlaryndan gelen, ýagny düzüminde döwletleriň we halkara guramalarynyň baştutanlary hem-de ýokary wezipeli wekilleri bolan hormatly myhmanlar gatnaşyp, agzybirlikde garşyladylar. Şeýle-de Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň Halkara Nowruz baýamyny özüniň goňşy we doganlyk halklary bilen bilelikde bellemeginiň dostluga we birek-birege hormat goýmaga esaslanan gatnaşyklary ösdürmegi ileri tutýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nazara alyp we bu baýramy guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda «Nowruz — parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy» atly halkara maslahaty we festIwal geçirildi.

Ýurdumyzda halkara derejesinde geçirilen Nowruz baýramy Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli serhet birikmelerinde we harby bölümlerinde, şeýle-de serhet galalarynda uly ruhubelentlik bilen mynasyp garşylandy. ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim we medeniýet işgärleriniň, hormatly il ýaşulylaryň gatnaşmaklarynda serhet ýaýlalarynda aýdym-sazly dabaraly çäreler, Nowruzyň taryhy dogrusynda serhetçi esgerler bilen gürrüňdeşlik duşuşyklar geçirildi. Şeýle-de Nowruzyň dürli halklarda, şol sanda türkmenlerde bellenilişiniň gadymy we häzirki aýratynlyklary, aňladýan manysy, tebigata we ynsan ýaşaýyşynda ähmiýeti barada çeper gürrüň bermek, Nowruzy, bahar paslyny wasp edip şygyrlary labyzly ýerine ýetirmek, surat çekmek, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guramak bilen örän dabaraly hem-de ruhubelent ýagdaýda geçirildi. Geçirilen baýramçylyk çäreleri serhetçi esgerlerde ýatdan çykmajak ýakymly duýgy döretdi.

  Dabaranyň dowamynda Nowruzy, bahary, türkmen tebigatynyň gözelligini wasp edip  «Serhet owazlary» hem-de ýerli etrap medeniýet öýüniň aýdym-saz we tans toparlarynyň eden ruhlandyryjy çykyşlary, Serhet institutynyň harby talyplarynyň ýerine ýetiren kompazisiýalary dabaranyň şowhunyny has-da artdyryldy. Şeýle-de baýramçylyk dabarasynda serhetçi esgerleriň söweş ugurlary boýunça hem-de gulluk itleri bilen gurnan görkezme çykyşlary, geçirilen sport ýaryşlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Hawa, serhet ýaýlalarynda gulluk borjuňy berjaý edýärkäň bütin älemi özüne maýyl ediji öwüşgine besläp gelen Nowruzyň döredýän gudratly gözelligini göreniňde mukaddes Watanymyzyň dost-doganlyk serhetlerini goramak ýaly şeýle bagtyň miýesser edendigine çäksiz buýsanýarsyň. Ajaýyp tebigatymyzyň şeýle owadanlygy biz—serhetçileriň eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgümizi, gulluk borjumyza bolan jogapkärçiligimizi has-da artdyrýar.