Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 2026-njy ýylyň Oraza aýynda Ahal welaýatynda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde agyz beklenýän we açylýan wagtlar ✦ ✦ Türkmenistan — BAE işewürlik forumy geçiriler ✦ ✦ Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara döwlet tarapyndan pul sowgatlary gowşurylýar ✦ ✦ Türkmen ýaş tennisçileri Manamada geçirilen sebit ýaryşynda öňdebaryjy oruny eýelediler ✦ ✦ Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek ✦ ✦ Bahar - ýaşlygyň we ýaşaýşyň pasly ✦ ✦ Moskwada ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Ýaşlar bilen zähmet bazarynda üstünlik gazanmak boýunça duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Geodeziýa boýunça V internet-olimpiada geçirilýär ✦ ✦ Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Nowruz geldi diýara
  30.03.2020
1534
Nowruz geldi diýara

Nowruz geldi diýara 

     Bahar paslynyň gelmegi bilen mydama-da ýaşaýşyň täzeden başlanýan başlangyjy bilen baglanyşygy, täzeden döreýişiň alamaty hökmünde özi bilen diriligi we şatlygy getirýän Nowruz baýramy ýurdumyzyň ähli künjeginde uly şatlyk, şowhum bilen bellenilip geçilýär. “Türkmenistan Bitaraplygyň -mekany” ýylynda hem, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, milli nowruz baýramy Kaka etrabynyň ýaşyl mahmala bürenen Giňdere ýaýlasynda uludan toý edilip tutulmagy şatlyga öwrüldi. Gadymdan gelýän milli däp-dessurlary görkezmek bilen Nowruz baýramynda Kaka etrabynyň Medenýet bölüminiň sungat işgärleriniň, teatr-studiýanyň artistleriniň , kitaphana işgärleriniň, çagalar sungat mekdepleriniň gatnaşmagynda türkmen milli toýlarynyň milli däp-dessurlaryny görkezýän “Türkmen toýlary” folklor çykyşlaryndan başlap, türkmen gelin-gyhzlarynyň ümede üýşüp el hünärlerini görkeýän çeper elli halyçylyk sungaty, ýüň saýmak, darak daramak, gamyş dokamak, keçe güllemek, ýüň boýamak ýaly el işleri bilen meşgul bolmak, ümede monjuk atmak, läle kakmakm ýaly görkezýän çykyşlary bilen dowam etdirildi. Nowruz baýramy türkmen halky bellände aýdym-saz bilen belläpdirler, ine, bu gün hem şirwan perseli dutarly sazandalarymyz şirwan owazlaryny baýrama goşup toýa gelen halkyň göwnünden turýan sazlar bilen çykyş etdiler. Bellenilip geçilen baýramçylyk dabarada türkmen Ak öýlerini dikmek, hiňňilikde uçmak ýaly türkmen milli däp-dessurlary ýerine ýetirildi. barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.