logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Culture /Nepis sungatyň belent sarpasy
  28.02.2023
788
Nepis sungatyň belent sarpasy

Asyrlaryň dowamynda şan-şöhrata eýe bolan nepis türkmen halysy türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esaslarynyň biridir.  Paýhasly ene-mamalarymyz, ezber elli, ussat halyçylar müňýyllyklaryň dowamynda halyçylyk sungatynyň özboluşly aýratynlyklaryny kemala getiripdirler. Bu gadymy hem müdimi senetçiligiň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi örän guwandyryjydyr. Has takygy, 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda «Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karar bir agyzdan kabul edildi. Munuň özi, at-abraýy arşa galan türkmen halyçylyk sungatynyň halkara derejesinde ykrar eýe bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Halyçylyk sungaty halkymyzyň milli ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegi bolup, milletimiziň medeni özboluşlylygynyň aýdyň görkezijisidir. Nepis türkmen halysy asyrlaryň jümmüşinden geçip, öz nagyşlarynda taryhy we halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirmek bilen, umumadamzat gymmatlyklaryny bezeýär. Milli halyçylyk sungaty nesillerde millilige buýsanç duýgusyny döredip, ol jemgyýeti jebisleşdirýär. Halyçylyk maşgala we jemgyýet däp-dessurlarynda, durmuş tejribesinde esasy orny eýelemek bilen, ol dabaraly toýlarymyzyň, bereketli ojaklarymyzyň ýaraşygydyr.

Eli hünärli gelin-gyzlarymyzyň irginsiz yhlasy bilen döredilip, görenleri gözelligi bilen bendi edýän meşhur halylarymyzyň köp asyrlyk taryhy bardyr. Hut şonuň üçin hem, taryhy döwürlerde ençeme ýeňişli menzilleri başdan geçiren türkmen halkynyň bu inçe sungaty medeni we taryhy ýadygärlik hasaplanyp, milli däp-dessurlaryň aýdyň şöhlelenmesidir. Çeper elli halyçylarymyz türkmen halkynyň ruhubelentligini, ruhy taýdan sagdyn we ahlaklylygyny, halallygyny halyçylygyň ajaýyplygy hem nepisligi bilen beýan edipdirler. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.