logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Ne agaç, ne-de gök önüm
  26.09.2023
722
Ne agaç, ne-de gök önüm

Ananas ne agaç, ne miwe, ne-de gök önüm bolan köp ýyllyk ösümlik miwesidir. Bu bromeliadlaryň iň täsirli we meşhur wekilleriniň biridir. Ýapraklarynda suwuklyk ýygnamak ukyby bar we şonuň netijesinda uzak wagtlap gurak möwsümlere çydaýarlar. Ýapraklarynyň uzynlygy 60-80 sm, gülüň özi bolsa ýarym metre çenli ösýär. Miwesiniň özi 2-15 kilogram agyrlygynda bolup biler. Her ýyl dünýäde takmynan 3 million tonna ananas ýygnalýar. Ananaslary öňdebaryjy üpjün edijiler Kosta-Rika, Taýland, Filippinler we Gawaý adalarydyr. Ananasyň ösmegi üçin bir ýyla golaý wagt gerek, bişmegi üçin bolsa 3-4 aý gerek bolar.

 

 

Ananas plantasiýalarda diňe el bilen ýygnalýar we olary kesip aýyrmak bolmaýar, diňe goparyp almaly. Miwesiniň ýetişiş derejesi reňki bilen kesgitlenilýär. 0-dan 5-e çenli ananas reňkleri bar. Bu ýerde 0 bişmedik miwe, 5 bolsa doly bişen miwe hasaplanylýar. Şeýlelikde, Kosta-Rikadan ananaslar 3 belgili reňkde VkusVill dükanlaryna iberilýär we alyjylar olary 4 ýa-da 5 belgili reňkinde alýarlar.

 

 

Düzümi we peýdaly aýratynlyklary boýunça ananasy ajaýyp witamin kokteýli bilen deňeşdirip bolar. Ananasda bromelain atly birleşme bar. Bromelain çişmä garşy serişde we antikoagulýant hökmünde bütin dünýäde ulanylýar. Ondan  başga-da rak keseline garşy häsiýetleri bar diýlip hasap edilýär. Ananas C witamininiň we mineral maddalaryň, marganesiň ajaýyp çeşmesidir, bu öýjükleri radikal zeperlenmeden gorap saklamaga kömek edýär. Marganes energiýa öndürmek üçin gerek bolan birnäçe fermentleri öndürmek üçin hem zerurdyr.  

 

Ýomut MURADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
V ýyl talyby.