Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 2028-nji ýyl — Halkara hukugy ýylyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmen–rus syýasy geňeşmeleri geçirildi ✦ ✦ Türkmen–azerbaýjan hyzmatdaşlygy pugatalanýar ✦ ✦ Türkmen–özbek suw hojalyk hyzmatdaşlygy boýunça mejlis geçirildi ✦ ✦ Arslan Tekaýew “Sessiz awtomatizasiýa” barada çykyş etdi ✦ ✦ Halkara olimpiadalar geçiriler ✦ ✦ FIFA bilermenleri türkmen futbolyna ýokary baha berdiler ✦ ✦ Türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦ ✦ Kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦
Baş sahypa / Medeniýet /NAÝBAŞY SUNGATYŇ BELENT SARPASY
  01.03.2023
692
NAÝBAŞY SUNGATYŇ BELENT SARPASY

Halkymyzyň örän baý hem köpöwüşginli milli mirasy bar. Şolaryň arasynda el işleriniň iň naýbaşy nusgalarynyň biri-de ajaýyp keşdeler bolup, ol nesilden-nesle geçip, şu günki günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen keşdeçilik sungaty bu gün halkara derejesinde arzylanýar we sarpalanýar. Muňa türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawynyň görnükli nusgalarynyň hataryna goşulmagy-da aýdyň mysaldyr. Keşdelere salynýan nagyşlarda halkymyzyň ruhy dünýäsi, milli ýol-ýörelgeleri, millilik düşünjeleri jemlenendir. Nagyşlar ony döredijiniň içki dünýäsiniň gözelliginiň, kämilliginiň, sabyrlylygynyň görkezijisidir. Çünki keşdelerde zenan ýüreginiň mähri, gözelligi, näzikligi, arzuw-hyýallary, halallygy jemlenendir. Keşdeler nesilden-nesle geçip, asyrlaryň dowamynda kämilleşipdir. Keşde çekmek gyzlaryň çagalykdan öwrenýän hünäridir. Türkmen zenanlary irki döwürlerden bäri lybaslary keşde bilen bezäp geýmeklige uly üns beripdir. Olar diňe bir egin-eşikleri däl, eýsem hojalykda ulanylýan dürli esbaplary hem keşdeläpdirler. Türkmen halkynyň döreden milli, medeni gymmatlyklarynyň arasynda keşdeçilige mynasyp orun degişlidir. Çünki keşde çekmeklik irginsiz zähmeti, sabyrlylygy, zehini, ukyp-başarnyklylygy, döredijiligi talap edýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri bolsa ýöne bir senet däldir, ol sungatdyr, kerem-keramatdyr!» diýip, keşdeçiligiň sungat derejesine ýetirilmegine ýokary baha berýär. Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli mirasymyzy ösdürmek ugrunda möhüm işler alnyp barylmak bilen, nusga alarlyk sungat derejesine ýetirilen milli mirasymyzyň gadyr-gymmaty barha artdyrylýar. Munuň özi, biz ýaşlarda milli mirasymyza bolan buýsanjy, belent hormaty has hem artdyrýar. 

 

Merjen MEREDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.