logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /«NASA» adamlaryň Aýda ýaşajak senesini mälim etdi
  21.11.2022
1134
«NASA» adamlaryň Aýda ýaşajak senesini mälim etdi

Amerikanyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş guramasy «NASA» - Aýa gaýdyp barmak üçin «Artemis» meýilnamasyny durmuşa geçirmäge başlady. «Artemis» meýilnamasynyň çäklerinde «Artemis-1» roketasy ýaňy-ýakynda Aýa uçuryldy. Indiki tapgyrda, «Orion» kosmos gämisi Aýa uçurylar.

«NASA»-nyň «Orion» kosmos gämisine ýolbaşçylyk edýän Howard Hu, ylmy derňewleri geçirmek üçin Aýda ýaşaýyş üçin zerur şertleri döretmegiň zerur boljakdygyny aýtdy. Bu pikirden ugur alyp, Amerikanyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş guramasy «NASA» herekete geçdi. Netijede, adamlaryň Aýda uzak wagtlap ýaşamagynyň geljek 10 ýylda mümkin boljakdygyny mälim etdi. «NASA» munuň uzak möhletli kosmos gözleglerinde örän möhümdigini nygtaýar.

«NASA»-nyň esasy maksady «Artemis» meýilnamasynyň ikinji tapgyryndaky «Orion» kosmos gämisini Aýa uçurmak we ony Ýere howpsuz gaýtaryp getirmek bolup durýar. «Orion» kosmos gämisi sagatda 38 müň kilometre çenli tizlik bilen Ýeriň atmosferasyna girer. Şol bir wagtyň özünde kosmos gämisi 3 müň gradusa ýetýän temperatura sezewar bolar. Bu kynçylyklara garamazdan kosmos gämisi Ýere howpsuz gonar diýlip çaklanylýar. 

 

Kadyr ÝAGMYROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.