logo

Soňky täzelikler:
✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦
Baş sahypa / Tebigat /Narpyz
  09.06.2023
1452
Narpyz

Köp adamlar öz öýlerinde narpyz ýetişdirýärler. Emma ony guradyp, çaýa goşmakdan başga-da maksatlarda  köpräk peýdalanmak mümkindigini bilmeýärler.

Käbir adamlar narpyzdan içimlik taýýarlaýar ýa-da naharlary, işdäaçarlary bezemekde peýdalanýarlar. Narpyzy diňe bular üçin däl  eýsem ony  süýjülikleri, keksleri taýýarlamakda hem ulanmak mümkin. Sebäbi dükanlarda narpyz tagamyny berýän iýmitlere isleg uly hasaplanýar.  Bulardan başga-da narpyzdan demleme, sirop we mürepbe taýýarlap bolýar. Ýöne bulardan hem başga narpyzy başga zatlarda hem ulanmak teklip edilýär. 

Narpyzly hoşboý ys ýaýradyjy - guradylan narpyzdan owadan, tebigy, hoşboý ysly gapjagazlary ýasap bolýar we ony ýasamak örän aňsat. Munuň üçin bagjykly birnäçe haltajyk tikmeli, içine guradylan narpyz, hoşboý ysly guradylan gül ýa-da başga hoşboý ysly gury otlardan salmaly. Bu haltajyklary otagymyzyň ilendik ýerinde ýerleşdirmek bolýar. Olar nerw ulgamyny mümkin boldugyndan rahatlandyrýar, ukyny we ýatkeşligi gowulandyrýar hem-de otagyň içinde hoşboý ys ýaýradyp durýar. 

Narpyzly buz bölejikleri - narpyzly buz bölejikleri içimlik we kosmetiki maksatlarda ulanylsa örän peýdaly. Narpyzly buzjagazlar derimizi täzeleýär we arassalaýar. 

Narpyzly buz bölejikleri şeýle taýýarlanýar: 

- 
Narpyzy dograp üstüne gaýnan suw guýmaly;
- Ony basyryp goýmaly we suw sowaýança açmaly däl;
- Soňra onuň suwuny sowadyjynyň buz galybyna guýmaly we sowadyja salmaly.
 

Eger buz bölejikleri owadan bolsun diýseňiz, onda her bir galyba narpyz ýapragyndan  salyp bilersiňiz. Bu buzjagazlary içgileriňize salsaňyz owadan görünýär, hoşboý ysly bolýar hem-de peýdaly hasaplanýar. 

 

Oguljeren POTYKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agroekologiýa hünäriniň 
4-nji ýyl talyby.