Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Tebigatdan ylham alýan nakgaş ✦ ✦ Nakgaşyň peýzažlarynda tebigatyň waspy ✦ ✦ Bereketli pile hasyly — halal zähmetiň miwesidir ✦ ✦ Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynda dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Ýewropa Bileleşigi bilen sanly söwda hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Türkmenistan sebitleýin demir ýol geçelgesiniň merkezinde ✦ ✦ Milli gymmatlyklary birleşdirýän baýram ✦ ✦ Haşal otlary arassalamakda asyrlardan bäri ulanylýan tejribeler ✦ ✦ Türkmen küştçülerinden​ ýene bir ýeňiş ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Nakgaşyň peýzažlarynda tebigatyň waspy
  22.05.2025
33
Nakgaşyň peýzažlarynda tebigatyň waspy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nakgaşlyk sungatynyň dürli žanrlaryň ösüşini, şeýle hem gözel türkmen tebigatyny suratlandyrýan peýzažlaryň çeperçilik ähmiýetini ýüze çykarmaga giň şertler döredildi.

 

Diýarymyzyň Garaşsyzlygy nakgaşçylykda reňk düşünjesini çuňlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn mümkinçilikleri döretdi. Şeýle meseleleriň üstünde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy we görnükli nakgaş Wepa Gurdow ençeme ýyllaryň dowamynda işläp gelýär.

 

Tanymal türkmen nakgaşy Wepa Gurdow 1982-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dünýä inýär. 1994–1998-nji ýyllar aralygynda ol Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýüniň garamagyndaky Çagalar çeperçilik mekdebinde nakgaşçylyk ugrundan okaýar. 1998–2004-nji ýyllarda W. Gurdow Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda miniatýura nakgaşçylygy hünäri boýunça okap bilim alýar. Şol ýyllarda miniatýura nakgaşçylygy hünäri ýaňy döredilip, W. Gurdow ony tamamlan ilkinji uçurymlaryň biridir. W. Gurdow hut A. Almämmedowy nakgaşçylyk sungatyndaky baş halypasy hasaplaýar. Ussadyň yhlasly mugallymçylyk etmegi netijesinde ol reňkleriň öwüşgin sazlaşygyny, olaryň häsiýetlerini we tebigatda reňkleriň üýtgeýşine gözegçilik etmegi öwrenipdir.

 

2004-2006-njy ýyllar aralygynda Wepa Gurdow bir wagtlar öz okan Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýüniň çagalar çeperçilik mekdebinde mugallym bolup işleýär. Gysga wagtyň içinde üstünliklerden üstünliklere barýan suratkeş 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Şonuň bilen baglylykda, oňa ýerli we halkara sergilere, bäsleşiklere we köpçülikleýin çärelere gatnaşmak, öz şahsy sergilerini gurnamak üçin giň ýol açylýar.

 

2011-nji ýylda Wepa Gurdow Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigine özüniň “Sekizýap” atly nakgaşlyk eseri we birnäçe etýudlary bilen gatnaşyp ýeňiji bolýar. Bu bolsa suratkeşiň döredijiliginde gazanylan uly üstünlikleriň biri bolupdyr. Sekizýap jülgesi türkmen suratkeşleriniň her biri üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Wepa Gurdow öz gezeginde ýerli sebitiň ekologiýa taýdan arassa tebigatyny realizm akymynda şekillendirýär. Eseriň taslamasy däp bolşy ýaly, tomaşaçyny çeşmäniň merkezinde durup, birsydyrgyn akýan, belli bir nokatda egrelip, çepe akgynly öwrülýän çeşmäni synlamaga gönükdirýär. Suratkeş gül-gülzarlyga, bagy-bakjalyga bürenen jülgäniň ajaýyp tebigatyny inçelik bilen suratlandyrýar.

 

Wepa Gurdowyň 2014-nji ýylda impressionizm akymynda döreden “Güýz pasly” atly eseri ajaýyp möwsümi şahyrana wasp edýär. Türkmen peýzažçysy Wepa Gurdow impressionizm akymynyň usulynda ýerine ýetiren eserinde ýagly boýaglarda reňk çalnan zolaklary ulanyp, güýz möwsüminde türkmen tebigatynyň hakyky gözelligini aýdyň beýan edýär.

 

Wepa Gurdowyň 2015-nji ýylda impressionizm akymynda ýerine ýetiren “Gerkez” atly eseri hakykatçyl şekillendirmesi bilen nygtalýar. Eserde Magtymguly şahyryň dogduk mekany bolan Balkan welaýatynyň Gerkez obasy suratlandyrylypdyr. Peýzaž hemmetaraplaýyn iri reňk çalnan zolaklarda görkezilen tebigy ösümlikler bilen gurşalýandygy bilen tapawutlanýar. Reňk öwüşginleriniň aňrybaşy baýlygy, esasy taslamanyň ýerliginde görkezilen dag gerişleri, gyrymsy agaçlar we gök ösümlikler esere tebigy gurşawyň janlylygyny berýär. Reňkleriň spektral arassalygy tämizligiň, serginligiň täsirini güýçlendirýär, bu ýerde esasan-da öçügsi ýaşyl, mylaýym gök, solak mawy, ýiti gyzyl hem öçügsi benewşe agdyklyk edýär.

 

Mylaýym ýylylygy döredýän gün şöhlesiniň ýalpyldysy 2017-nji ýylda ýerine ýetirilen “Şöhle” atly peýzažynda aýdyň beýanyny tapypdyr. Bu peýzaž Gurtly kölüň ajaýyp tebigy gurşawynda naturadan çekilip, impressionizm akymyna degişlidir. Şeýle-de bolsa, onda kesgitli derejede realistik alamatlar hem görünýär.

 

Bahar paslynda gülleýän türkmen sährasynyň ajaýyp keşbi suratkeşiň “Ir gelen bahar” (2022) atly nakgaş eserinde şahyranalyk bilen beýan edilýär.  Taslamanyň birinji meýilnamasynda suratlandyrylan gyzyl gülälekleriň ýiti öwüşginleri gülgüne asmanda tans edýän ýaly görkezilen garlawaçlaryň uçuşy inçelik bilen şekillendirilipdir. Eserdäki garlawaçlar baharyň gelmegini alamatlandyrýan nyşan hökmünde kabul edilýär. Suratkeş pastoz we lessirowka tehnikalaryny utgaşykly peýdalanyp, älemgoşar kimin dürli reňkler bilen öwsüp duran asman giňişligini, bahar paslynyň sergin howasy seriňi tämizleýändigini wasp edýär.

 

Wepa Gurdowyň peýzaž nakgaşlygy öz tomaşaçylaryny biperwaý goýmaýar. Çünki suratkeş daş-töwereginde görýän tebigaty bolşy ýaly kendiriň ýüzüne geçirýär. Wepa Gurdowyň seredilip geçilen peýzaž eserleri onuň Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen döredijilik şahsyýeti, nakgaşçylyk aýratynlyklary barada doly düşünje berýär. Bu hem türkmen sungatynyň gazanan üstünlikleriniň we şanly ýeňişleriniň möhüm görkezijileriniň biridir.

 

Jeren BALTAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy,

Sona BEGMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
5-nji ýyl talyby.