Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦ ✦ Berkarar döwletiň waspy çeper dillerde ✦ ✦ Buýanyň saglyga peýdasy we onuň köp ugurly ulanylyşy ✦ ✦ Kitap okamagyň peýdalary ✦ ✦ Ekologiýa: daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň, onuň görnüşleri we ulanylyş gerimi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaplary geljekki nesiller üçin pähim-paýhas mekdebi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Myhmanlara gujak açýar Awaza!
  01.06.2023
819
Myhmanlara gujak açýar Awaza!

Gojaman Hazaryň mawy giňişliklerine bezeg berip, kenarýaka şähergurluşygynyň ajaýyp nusgasyna öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýurdumyzyň dynç alyş düzüminiň altyn guşagyny emele getirýär. Arassa çägeli kenarda, bejeriş ähmiýetli howasy we şypaly deňiz suwy bolan bu künjekde häzirki zaman myhmanhanalarynyň we dürli dynç alyş merkezleriniň tutuş toplumy döredildi. Häzirki wagtda bu ýerde saglygyňy dikeltmek we berkitmek, göwnejaý hem-de işjeň dynç almak, şol sanda maşgala bolup dynç almak üçin zerur bolan ähli şert we mümkinçilik bar.

Awazanyň suwy-da, howasy-da, palçygy-da, suw otlary-da dermandyr. Bu ýerde gurlan «Awaza» şypahanasy bolsa aeroterapiýany, gelioterapiýany, talassoterapiýany (deňiz howasyndan dem almak), deňiz suwuny, ýod-bromly bejeriş mineral suwuny, fiziobejeriş usullaryny, algoterapiýany (deňiz suw otlaryny) we beýleki birnäçe bejeriş usullaryny öz içine alyp, toplumlaýyn bejeriş-sagaldyş usullaryny giňden ulanmaga mümkinçilik döretdi. Şypahanada Diýarymyzyň baý tebigy melhem, bejeriş serişdelerini ulanmak bilen, dürli keselleri bejermekden soňky dikeldiş çärelerini amala aşyrmakda, ýagny adamlaryň bedenini berkitmäge, saglygyny dikeltmäge we olarda keselleriň öňüni almaga hem-de ömür dowamlylygynyň artmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýän lukmançylyk hyzmatlary doly ýola goýuldy.

Hazaryň türkmen kenarynda — behişdi künjekde sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň atlandyrylyşynda hem gözel sazlaşyk bar — olar ösüşler-özgerişler eýýamynyň bedew badynyň ruhuny şöhlelendirýär. «Çarlak», «Arzuw», «Daýanç», «Hazyna», «Bereket», «Şapak», «Seýrana», «Deňiz», «Dürdäne», «Ýelken» hem beýlekileriň her biri döwrümiziň binagärlik sungatynyň eserleridir. Gadymy döwürlerden bäri meşhur kirişli saz guraly hasaplanýan arfa şekilindäki suw çüwdürimi täsin owadanlygy bilen kalba rahatlyk çaýýar. Kenardan 185 metr uzaklykda ýerleşýän suw çüwdüriminiň howalanyp duran keşbi 60 metr ýaýrawdan 24 metr belentlige galyp, gaýtalanmajak gözelligi, ýagty öwüşginleri bilen haýran galdyrýar.

Awazanyň ýatda galýan gözellikleriniň biri-de, gämi gatnawly derýadyr. Uzynlygy 7 kilometre barabar bu derýa dünýädäki täsin desgalaryň biridir, onuň kenaryndaky welosiped sürmäge hem-de pyýada gezelenç etmäge niýetlenen ýodajyklary, seýilbag toplumlary, suw çüwdürimleri dynç alýanlaryň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde döredilen howa şertlerine laýyklykda, günüň bütin dowamynda sapaly dynç almak, gezim etmek, dürli maşklary ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak mümkin. 

 

Mäti PENDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.