logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Milli ykdysadyýetimiz ösüş ýolunda
  04.11.2022
1066
Milli ykdysadyýetimiz ösüş ýolunda

Garaşsyz hem baky Bitarap ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ösüşi Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan köpugurly döwlet maksatnamalary esasynda üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we senagatlaryndan, maşyn-gurluşyk we gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly milli ykdysadyýet kemala gelýär. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ençeme ýurtlary bilen daşary ykdysady gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen, dünýäniň 100-den gowrak ýurdy bilen daşary söwda gatnaşyklaryny alyp barýar.   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen öňe gitmegine we oňa innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi özgertmekde bazar gatnaşyklaryna geçilmegi netijeli häsiýete eýe bolýar. Şunuň bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny: himiýa önümçiligini, dokma pudagyny, gurluşyk materiallary önümçiligini, telekommunikasiýalar we beýleki ýokary tehnologiýa pudaklaryny emele getirmek boýunça işleriň gerimi giňeýär.

Türkmen ykdysadyýetine goýulýan daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy ýylsaýyn ýokarlanýar, bilelikdäki kärhanalaryň sany artýar. Uly göwrümli gurluşyk taslamalary amala aşyrylyp, täze desgalar açylyp ulanylmaga berilýär. Şeýle-de çig malyň täze ýataklaryny özleşdirmek bilen bagly senagat pudaklaryny ösdürmäge uly mümkinçilikler bar. Bu ugurda geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginlerini tizleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Umuman, berkarar Watanymyzy geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi eziz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha pugtalandyrmaga goşant goşar. 

 

Döwran BAÝRAMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.